Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Май
2018

Orsýetde Türkmenistanyň $4,8 milliona barabar ýüki ýitirim boldy

0
Türkmenistanyň Oba-hojalyk ministrligine bahasy 300 million ruble, ýagny 4,8 million amerikan dollaryna barabar ýük gowşurylmady. Bu oba-hojalyk ýüki Orsýetiň Sankt-Peterburg şäherinden geçirilende ýitirim boldy diýip, rus media serişdeleri habar berýärler.


Orsýetiň 78.ru neşiriniň maglumatyna görä, Türkmenistana gowşurylmaly ýüküň arasynda Niderlandlaryň “Royal IHC” kompaniýasy tarapyndan öndürilen ýergazyjy tehnikalar bar.


“Deslapky maglumata görä, türkmen ýüküniň transport edilmegini üç kompaniýa öz üstüne alypdyr. LLC "Mobile-Tech-Service" kompaniýasy ýüki Ýaroslawda kabul edip. resmileşdiripdir. “JSC Petrolesport” kompaniýasy hem ýüki ýükläpdir. Ýöne bu ýük gümrüge barmandyr” diýip, “CA News” neşiriniň habarynda bellenilýär.


Azatlyk Radiosyna häzirlikçe bu maglumaty Türkmenistanyň Oba-hojalyk ministrligine ýa-da Orsýetdäki türkmen ilçihanasyna tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek başartmady.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса