Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Май
2018

Eýran britan kompaniýasy bilen nebit şertnamasyny baglaşdy

0
Eýran Britaniýanyň konsrotsiumy bilen nebit ýataklaryny özleşdirmek boýunça şertnama baglaşdy. Bu ABŞ-nyň Tähranyň Ýadro ylalaşygyndan çykýandygyny we oňa garşy täze sanksiýalaryň girizýändigini yglan edeninden soň, Eýranyň günbatar kärhanasy bilen bu görnüşdäki baglaşan ilkinji şertnamasy boldy.


Eýranyň Nebit ministrliginiň beren maglumatyna görä, düýbi Londonda ýerleşýän Pergas konsortsiumy bilen ýurduň Keranj sebitinde 10 ýylyň dowamynda nebit çykarmak barada şertnama baglaşylypdyr.


Şertnama 16-njy maýda Tähranda, Britaniýanyň ilçisiniň hem gatnaşmagynda gol goýuldy. Emma, munuň London tarapyndan makullanyp-makullanmadygy häzirlikçe belli däl.


“Biz Britaniýanyň hökümetiniň... şertnamany makullajakdygyna umyt edýäris” diýip, Eýranyň nebit ministri Bijan Zanganeh aýtdy.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса