Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Май
2018

Pompeo rus esgerleriniň Gürjüstandan çykarylmagyna çagyrdy

0
ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Popmeo Russiýa ýüzlenip, öz-özüni garaşsyz diýip yglan eden Gürjüstanyň regionlaryndan rus esgerlerini çykarmaga çagyrdy. Şeýle-de, Pompeo Tbilisä has köp howpsuzlyk we ykdysady goldawyny wada berdi.


“ABŞ Russiýanyň Gürjüstanyň sebitlerini okkupasiýa etmegini çürt-kesik ýazgarýar” diýip, Pompeo Waşingtonda geçen ýyllyk ABŞ-Gürji Strategiki Hyzmatdaşlyk maslahatynyň dowamynda çykyş etdi.


“Russiýanyň Gürjüstana zor bilen girmegi, halkara parahatçylygyň we howpsuzlygyň açyk bozulmasydyr” diýip, ABŞ resmisi sözüne goşdy.


2008-nji ýylda Russiýa bilen Gürjüstanyň arasynda ýüze çykan uruşdan soň, rus esgerleri Gürjüstanyň Abhaziýa we Günorta Osetiýa sebitlerinde ornaşdyryldy.


Moskwa we ýene käbir döwletler bu iki separatist regionlarynyň garaşsyzlygyny ykrar etdiler.


Pompeo Waşingtonyň Gürjüstanyň NATO agzalygyny goldaýandygyny hem belledi.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса