Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Май
2018

Gollandiýa we Awstraliýa MH17 uçarynyň urulmagy bilen baglylykda, Russiýany jogapkär tutar

0
Gollandiýanyň daşary işler ministri Stef Blok öz ýurdunyň we Awstraliýanyň Russiýany 2014-nji ýylda Ukrainanyň gündogarynda Malaýziýa howa ýollaryna degişli uçaryň urlup düşürilmegine kanuny ýagdaýda jogapkär tutjakdygyny mälim etdi.


Mundan bir gün öň, Gollandiýanyň ýolbaşçylygyndaky halkara jenaýat derňewçileri uçary uran Buk ulgamynyň Russiýanyň 53-nji howa hüjüminden goranyş brigadasyna degişli bolandygyny mälim edipdiler.


Russiýanyň Goranmak ministrligi MH17 uçarynyň urlup düşürilmegi bilen özüniň hiç hili ilteşiginiň ýokdugyny ýene bir gezek tekrarlady.


MH17 Ukrainanyň Donetsk sebitinde 2014-nji ýylyň 17-nji iýulynda urlupdy. Wakada uçaryň bortundaky 298 adamyň ählisi heläk bolupdy.


Bu aralykda, düýbi Britaniýada ýerleşýän Bellingcat derňew merkezi uçaryň urulmagy bilen baglylykda Russiýanyň Goranmak ministrliginiň Baş ştabynyň bir ofiseriniň, ýagny 50 ýaşly Oleg Iwannikowyň adyny getirdi.


Bellingcat Russiýanyň Iwannikowy Ukrainanyň gündogaryndaky harby operasiýalara ýolbaşçylyk etmek üçin “ýaşryn ýollandygyny” belledi.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса