Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Май
2018

Putin Fransiýa bilen has ýakyn biznes gatnaşyklaryny wada berýär

0
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin özüniň fransiýaly kärdeşi Emmanuel Makrona has ýakyn biznes gatnaşyklaryny wada berdi.


Bu barada Putin Makronyň Sankt-Peterburgda geçýän ýyllyk ykdysady forumyna edýän saparynyň çäklerinde çykyş etdi. Bu saparyň dowamynda Fransiýanyň Total kompaniýasy bilen gaz ylalaşygy hem baglaşyldy.


Putin iki ýurduň ykdysady gatnaşyklarynyň – Ýewropa Bileleşigniň Kremliň Ukrainadaky agressiýasy sebäpli Moskwa girizen sanksiýalaryna, Siriýadaky düşünişmezliklere we beýleki meselelere garamazdan – “özgerýändigini” aýtdy.


Munuň yz ýany, Putin bilen Makron 3,5 sagada çeken gepleşikleri geçirdiler. Onuň dowamynda Siriýadaky we Ukrainadaky konfliktler, şeýle-de Eýranyň Ýadro ylalaşygy maslahat edildi.


Bu aralykda, Fransiýanyň Total kompaniýasy bilen Russiýanyň Arktikadaky gaz ýataklaryny özleşdirmek boýunça 25 milliard dollarlyk ylalaşyk hem baglaşyldy.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса