Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Май
2018

Orsýet Siriýada dört esgeriniň öldürilendigini aýdýar

0
Orsýetiň Goranmak ministrligi Siriýanyň günortasyndaky Deir Ezzor welaýatynda, söweşijileriň atan oklaryndan, dört sany rus esgeriniň ölendigini habar berýär.


"Siriýa Arap Respublikasynda dört sany harby gullukçy söweşijleriň ok atmagy netijesinde öldürildi” diýip, Goranmak ministrligi 27-nji maýda çap eden beýanatynda aýtdy.


Şeýle-de bu beýanatda, dört esgeriň ölümine getiren hadysa mahalynda, bäş sany rus esgeriniň ýaraly bolandygy habar berilýär. “Birnäçe mobil terrorçy topary gije Siriýanyň hökümet artilleriýasyna hüjüm etdi, iki harby geňeşşi şol ýerde wepat boldy, eki esger bolsa gospitalda ok ýaralaryndan jan berdi” diýip, beýanatda aýdylýar.


Şeýle-de ministrlik bu söweşde 43 söweşijiniň öldürilendigini habar berýär. 


Orsýet Siriýada 2015-nji ýylyň sentýabryndan bäri bombalaýyş kampaniýasyny geçirip, bu ýurtdaky ýedi ýyllyk raýat urşunyň Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň peýdasyna ilerlemegine kömek etdi.


Siriýanyň oppozisiýa toparlary şindi hem ýurduň demirgazyk-günbatar böleklerine kontrollyk edýärler, ABŞ-nyň goldawyndaky kürtleriň ýolbaşçylygynda söweşýän ýaranlyk bolsa Siriýanyň demirgazyk-gündogaryndaky ýerleriň aglaba bölegine kontrollyk edýär.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса