Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Май
2018

Tramp Demirgazyk Koreýada “ajaýyp mümkinçilikleri” görýändigini aýtdy

0
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp ABŞ-dan baran toparyň “sammite taýýarlyk görmek üçin” Demirgazyk Koreýa barandygyny tassyklap, özüniň Demirgazyk Koreýada “ajaýyp mümkinçilikleri” görýändigini aýtdy.  


Trampyň 27-nji maýda Twitter ulgamynda eden beýanatynda Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un bilen sammit geçirmek barada eden optimistik äheňli bu çykyşy, onuň duşuşygy ýatyrmak barada sözlän sözüniň birnäçe gün yzýanyna gabat geldi.


“Demirgazyk Koreýanyň ajaýyp potensialynyň bardygyny we onuň bir gün ägirt ykdysady we maliýe ýurdy bolmagyna men hakykatdan hem ynanýaryn” diýip, Tramp Twitterde ýazdy.


27-nji maýda ABŞ-nyň Döwlet departamenti ABŞ-nyň resmi toparynyň serhetýaka Panmunjom şäherinde “Demirgazyk Koreýanyň resmileri bilen gepleşik geçirýändigini” tassyklaýan beýanat ýaýratdy.


Bir gün ozal Tramp Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim bilen 12-nji iýunda sammit geçirmek üçin taýýarlyklaryň alnyp barylýandygyny agzady.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса