Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Май
2018

Moskwanyň meri Sobýanin wezipesinde galmak niýetini yglan etdi

0
Moskwanyň meri Sergeý Sobýanin öz wezipesinde ýene bir möhlet galmak niýetini yglan etdi.


Orsýetiň paýtagtynyň baştutanyny saýlamak boýunça saýlawlar 9-njy sentýabrda geçiriler.  


2010-njy ýyldan bäri Moskwany dolandyrýan Sobýaniniň bu beýanaty 27-nji maýda onuň websaýtynda çap edildi.


Sobýanin öz beýanatynda administrasiýasynyň alyp barýan işleriniň “doly üpjün edilmändigini ... emma iň agyr we agyryly böleginiň eýýäm geçmişde galandygyny” belledi.


Liberal oppozision syýasatçy Ilýa Ýaşin hem saýlawlara gatnaşyp, wezipä dalaş etjekdigini 11-nji aprelde yglan etdi.


Ýaşin 2013-nji ýylda geçirilen saýlawlara hem gatnaşyp, sesleriň 27% toplap, Sobýaninden soň ikinji ýerde bolupdy.


Moskwanyň meri wezipesine 2010-njy ýylda Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew tarapyndan bellenen 59 ýaşly Sobýanin öň dürli ýyllarda Týumen regionynyň gubernatory, premýer-ministriň orunbasary we prezidentiň administrasiýasynyň ýolbaşçysy bolupdy.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса