Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Май
2018

Owgan harbylarynyň reýdinde dokuz adam, esasan raýatlar ýalňyşlyk bilen öldürildi

0
Owgan harbylary Nangarhar welaýatynda bir ýaşaýyş jaýda geçiren reýdinde ýalňyşlyk bilen dokuz adamy öldürdiler, esasan parahat ýaşaýjylary diýip, owgan resmileri habar berdiler.


Welaýatyň häkiminiň orunbasary Attaullah Hogyaniniň 29-njy maýda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, geçen gije Çaparhar etrabynda geçirilen operasiýanyň dowamynda sekiz adam, şol sanda bir çaga hem zenan ýaralanypdyr.


Bu ýagdaý derňelýär diýip, Hogyani aýtdy.


Käbir media maglumatlarynda wepat bolanlaryň arasynda ýerli polisiýa komandiriniň we parlamentiň ýokarky öýüniň başlygy Fazilhadi Muslimyaryň birnäçe garyndaşynyň bolandygy habar berilýär.


Welaýatyň häkimi Hayatullah Hayat owgan güýçleriniň ok atylan jaýda reýd geçirendigini, emma operasiýanyň netijesinde esasan raýatlaryň öli tapylandygyny aýtdy.


Owganystanyň Nangarhar welaýaty şu ýyl güýçli zorluga duçar boldy.


Owganystanyň bu gündogar böleginde "Talyban" hem-de “Yslam döwleti” toparlary aktiw hereket edýärler.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса