Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Май
2018

Pakistan tire-taýpalar regionyny Haýber Puhtunhwa welaýatyna birikdirýän kanuna gol goýdy

0
Pakistanyň prezidenti ýurduň tire-taýpalar regionyny Haýber Puhtunhwa welaýatyna birikdirýän we regiondaky 5 million çemesi adama beýleki pakistanlylar bilen deň derejede hak-hukuk berýän kanuna gol goýdy.


Pakistanyň prezidenti Mamnun Hussain bu baradaky kanuna 31-nji maýda Yslamabatda gol goýdy.


Bu kanun taslamasy ilkibada Haýber Puhtunhwa welaýatynyň geňeşi, soňra-da parlamentiň aşaky we ýokarky öýleri tarapyndan kabul edilipdi.


Bu kanuna laýyklykda, Britaniýanyň kolonial häkimiýetinden bäri ýurduň demirgazyk-günbatar territoriýalarynyň “diskriminasiýa kanunlary” diýlip häsiýetlendirilýän häkimiýet esasynda dolandyrylmagy ýatyrylýar.


Pakistan 1947-nji ýylda Londondan öz garaşsyzlygyna eýe bolupdy.


FATA - Federal taýdan dolandyrylýan tire-taýpalar regionyna ýedi territorial düzüm, ýagny Bajaur, Dir, Haýber, Mohmand, Peýwar Kotal, Bolan Pass we Gomal girýär. Bu territorial düzümler Pakistanyň Owganystan bilen serhetleşýän daglyk regionynda ýerleşýär.


Pakistanyň premýer-ministri Şahid Hakan Abbasiniň ýolbaşçylygyndaky hökümet bäş ýyl möhletiniň tamamlanmagy netijesinde, 31-nji maýda resmi taýdan öz işini tamamlady.


Pakistanda parlament saýlawlarynyň 25-nji iýulda geçirilmegine garaşylýar.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса