Kreml Ermenistanyň Moskwa tarapdar ozalky liderleri aýyplamagyndan 'alada galýar'
Lawrow bu sözleri 31-nji iýulda, Ermenistanyň ozalky prezidenti Robert Koçarýan 2008-nji ýylda öz mirasdaryna garşy guralan protestleri zorlukly basyp ýatyrmakda aýyplanandan soň aýtdy.
Orsýetiň ýolbaşçylygyndaky Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň ermeni başlygy Ýuri Haçaturow hem, Koçarýan ýaly, 2008-nji ýylda 10 adamy öldürmek bilen, Ermenistanyň konstitusion gurluşyny bozmakda aýyplandy.
Haçaturow-da,Koçarýan-da bu aýyplamalary ret etdi we olaryň syýasy äheňlidigini öňe sürdi.
