Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2018

Новости за 31.08.2018

Türkmenistanyň balyk senagaty “agsaýar”

Azathabar.com 

Şu günler Türkmenistanda balyk gymmatlady. Geçen ýyl 1 kilogramy 15 manatdan satylan ýönekeý ortaça balyk häzirki wagtda 26-35 manat aralygynda bahalanýar, diýip Azatlygyň daşoguzly çeşmesi maglumat berdi. Paýtagtda bu bahanyň 40 manada çenli baryp ýetýändigini, Azatlygyň aşgabatly habarçysy aýtdy.

Krymda senagat kärhanasyndan syzyp çykan turşulyk töwerekdäki ýerleri zäherledi

Azathabar.com 

Ukrainanyň okkupirlenen Krym regionynyň Orsýet tarapyndan bellenen häkimiýetleri golaýdaky obalary we ekin meýdanlaryny örten ýagly maddanyň ýarymadanyň demirgazyk böleginde ýerleşýän senagat kärhanasyndan syzyp çykan turşulygyň sebäp bolandygyny aýdýarlar.  Krymyň Orsýet tarapyndan bellenen wise-premýeri Igor Mihailiçenkonyň 30-njy awgustda aýtmagyna görä, uzaga çeken yssy howa we guraklyk turşulyk serişdeleriniň saklanýan ýerlerinden syzyp çykmagyna sebäp bolandygyny. Krymyň Titan zawody reňkleýän... Читать дальше...

Hytaý Owganystanda goşun ýerleşdirmek baradaky habarlary ret edýär

Azathabar.com 

Hytaý Owganystanda öz goşunlaryny ýerleşdirmek ýa-da harby bazasyny döretmek baradaky habarlary ret edýär we öz goňşulary bilen "kadaly harby we howpsuzlyk hyzmatdaşlygy" alyp barýandygyny aýdýar.      Hytaýyň Goranmak ministrliginiň metbugat-wekili polkownik Wu Kian 30-njy awgustda eden çykyşynda, Hong Kongyň Morning Post gazetiniň we beýleki neşirleriň Hytaýyň Owganystanyň günortasynda öz esgerlerini ornaşdyrmak boýunça planlary barada ýaýradan habarynyň "asla dogry däldigini" aýtdy.  Hytaýyň... Читать дальше...

Orsýetde partlaýjy serişdeleri öndüriji kärhanadaky partlamada azyndan üç adam wepat boldy

Azathabar.com 

Orsýetiň Nižniý Nowgorod regionynda partlaýjy serişdeleri öndürýän zawodunda 31-nji awgustda bolan partlamada azyndan üç adam wepat boldy. Orsýetiň media maglumatlary Swerdlow zawodundaky partlamada azyndan üç adamyň ýitirim bolandygyny habar berdiler. Bu senagat kärhanasy Orsýetiň Goranmak ministrligi, magdançylyk pudagy we nebit-gaz pudagynyň işleri üçin partlaýjy serişdeleri öndürýär.        Azyndan iki adam partlama zerarly ýaralanypdyr. Orsýetiň Adatdan daşary ministrligi partlamadan dörän... Читать дальше...

Boston bombaçysynyň dosty ABŞ-dan Gazagystana deportasiýa ediler

Azathabar.com 

Boston marafonunyň bombaçysy Džohar Tsarnaýewiň gazagystanly dosty ABŞ-nyň federal türmesinde bäş ýyllap saklanansoň boşadyldy. ABŞ-nyň Immigrasiýa we gümrük gullygynyň resmisiniň 30-njy awgustda aýtmagyna görä, 24 ýaşly Dias Kadyrbaýew federal immigrasiýa resmileriniň tussaghanasyna geçirildi we Gazagystana deportasiýa ediler.  Kadyrbaýew, şeýle-de Tsarnaýewiň beýleki iki dosty Azamat Tažaýakow we Robert Kidane Fillipos 2013-nji ýylyň 15-nji aprelinde Tsarnaýewiň Massaçusets uniwersitetindäki... Читать дальше...

Daniýada Muhammet pygamberiň karikaturalarynyň konkursy ýatyryldy

Azathabar.com 

Daniýaly kanun çykaryjy Geert Wilders Pakistanda dörän köpçülikleýin protestler sebäpli Muhammet pygamberiň karikaturasy boýunça öň yglan eden konkursyny ýatyrdy.  Wilders özüne ölüm haýbatynyň edilmeginden soň 30-njy awgustda eden çykyşynda, "adamlaryň yslamçylaryň pidasy bolmagynyň öňüni almak üçin" öz planlaryny ýatyrmak kararyna gelendigini aýtdy.  "Adamlaryň howpsuzlygy has möhümdir" diýip, 54 ýaşly Wilders Facebookda ýazdy. Hudaýyň ýa-da pygamberiň gowy manyda hem şekillendirilmegi yslam... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Виктория Азаренко

Азаренко: Я из среды, где не принято говорить о своих чувствах, поэтому пришлось учиться






Исполнилось 100 лет со дня рождения Булата Окуджавы

Депутат Мособлдумы Брынцалов поздравил жителей Балашихи с 9 Мая

Памятную доску бойцу СВО Георге Нестерову открыли в Чехове

Реалити-шоу "Дом 2" так ее и не отпустило. Плохой сценарий для Либерж Кпадону