Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2018

Новости за 22.08.2018

Aşgabadyň häkimiýetleri azyk dükanlaryna 'ünsüni' güýçlendirdiler

Azathabar.com 

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary şäher häkimiýetleriniň hususy azyk dükanlarynyň işine gözegçiligini güýçlendirendigini habar berýärler. Bu ýagdaý dükan eýelerine polisiýa tarapyndan basyşlaryň güýçlenmegi baradaky maglumatlaryň yzýanyna gabat geldi. “Anna güni 17-nji awgustda Aşgabadyň Parahat mikroraýonlarynda agşam sagat dokuzdan başlap, polisiýanyň awtoulaglary ýene-de ses edip, jaýlaryň daşyndaky hususy awtoulaglary kowup başladylar. Bu ýagdaý günüň ertesi ýene-de dowam etdi. Soň mälim bolşuna görä... Читать дальше...

Pakistanyň täze premýer-ministri TOPH-y agzap, Eýran bilen energiýa hyzmatdaşlygyna isleg bildirýär

Azathabar.com 

25-nji iýulda Pakistanda geçirilen umumy saýlawlarda ýeňiş gazanan ýurduň täze premýer-ministri Imran Han saýlawlardan üç gün soň Eýranyň “Fars” habar gullugyna beren interwýusynda Pakistanyň Eýrandan  energiýa import etmegi üçin “elinde baryny gaýgyrmajakdygyny” aýtdy. Imran Han bir hepde mundan ozal, 15-nji awgustda kasam kabul edip, ýurduň täze premýer-ministri wezipesine girişdi.

Türkmen türgeni ХVIII Aziýa oýunlarynda kümüş medaly aldy

Azathabar.com 

Tomusky ХVIII Aziýa oýunlarynda türkmenistanly agyr atletikaçy Kristina Şermetowa 53 kilograma çenli agram derejede çykyş edip, kümüş medaly almagy başardy. Ol umumy hasapda 206 kilogramy, ýagny “itekläp” götermek görnüşinde 93 kilogramy we “silkip” götermek görnüşinde 110  kilogramy galdyrdy. Birinji orny filippinaly Hidilin Dias eýeledi. Ol umumy hasapda 207 kilogramy galdyrdy. Bu Türkmenistanyň bu oýunlaryndaky ilkinji we häzire çenli ýeke-täk medalydyr. Beýleki Merkezi Aziýa döwletlerinde... Читать дальше...

ABŞ-nyň žýurisi Manaforty maliýe galplyklarynda günäli tapdy

Azathabar.com 

ABŞ-nyň federal žýurisi prezident Donald Trampyň ozalky kampaniýa başlygy Paul Manaforty salgytdan gaçmak we bank gaplyklary bilen ilteşikli bildirilýän 18 aýyplamanyň sekizsi boýunça günäli tapdy. Şol bir wagtda, Trampyň uzak wagtlyk şahsy aklawçysy kampaniýanyň maliýeleşdirilmegi we beýleki jenaýat aýyplamalary bilen baglylykda günäsini boýun almaga razy boldy. Olaryň ikisi hem prezident Donald Trampyň ýaranlary bilen Kremliň arasyndaky gatnaşyklary, şeýle-de Russiýanyň ABŞ-nyň 2016-njy ýyldaky... Читать дальше...

Eýran harby kuwwadyny artdyrjakdygyny aýdýar

Azathabar.com 

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani ABŞ-nyň Tährana garşy agressiýasynyň güýçlenýändigini öňe sürüp, muňa jogap hökmünde ýurduň harby mümkinçiliklerini artdyrjakdygyny aýtdy. Rohani telewideniýede eden çykyşynda Eýranyň harby kuwwadynyň Waşingtonyň oňa hüjüm etmeginiň öňüni alýandygyny belledi. “Duşman Eýrana hüjüm etmegiň bahasynyň uly boljakdygyny bilmelidir. ABŞ näme üçin bize garşy hüjüm etmeýär? Sebäbi, ol munuň netijelerini bilýär” diýip, Rohani çykyş etdi. Ak Tamyň milli howpsuzlyk boýunça... Читать дальше...

Facebook syýasy ýalan maglumatlary ýaýradýan hasaplaryny öçürdi

Azathabar.com 

Facebook noýabrda ABŞ-da geçmeli kongres saýlawlarynyň öňüsyrasy syýasy ýalan maglumatlary ýaýradýan Russiýa we Eýran bilen ilteşikli 652 hasabyň we web sahypalarynyň öçürilendigini mälim etdi. Mundanam başga, Twitter saudylara we Ysraýyla garşy Eýran propogandasyny ýaýradan 300 hasabyň togtadylandygyny aýtdy. Twitter öz ulgamynyň “manipulýasiýasyna” geçen ýyl başlanandygyny belledi. Facebook geçen ýyl rus agentleriniň bu sosial ulgamy arkaly ABŞ-nyň 2016-njy ýyldaky prezidentlik saýlawlaryna täsir ýetirmäge synanyşandygyny aýdandan soň... Читать дальше...

Bolton: Türkiýe pastory boşatsa, liranyň krizisi gutaryp biler

Azathabar.com 

Eger-de Türkiýe tussaglykdaky ABŞ-ly pastory azat etse, onda onuň milli pul birliginiň krizisi “dessine” gutaryp bilerdi diýip, ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Jon Bolton aýtdy. Waşington türk türmesinde saklanylýan pastor Andrew Kraig Brunson sebäpli Ankara garşy sanksiýalary we täze tarifleri girizdi. Munuň netijesinde, geçen hepde türk lirasy hümmetsizlendi. Brunsona içalyçylyk we terrorizm bilen ilteşikli aýyplamalar bildirilýär. Eger-de ol günäli tapylsa... Читать дальше...

Russiýa: “Talyban” Moskwadaky gepleşiklere gatnaşar

Azathabar.com 

Owganystanyň “Talyban” hereketiniň wekilleri geljek aý Moskwada geçiriljek parahatçylyk gepleşiklerine gatnaşarlar diýip, Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow aýtdy. Lawrow “Talybanyň” wekillerine 4-nji sentýabrda geçiriljek gepleşiklere gatnaşmak baradaky çakylygyň ugradylandygyny, şeýle-de “ilkinji jogabyň oňaýly bolandygyny” mälim etdi. “Talyban” tarapyndan muňa häzirlikçe hiç hili reaksiýa bolmady. Owganystanyň Moskwadaky ilçisi “Talybanyň” gepleşiklere goşuljakdygy baradaky habary gowy garşylady. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Саснович пробилась во второй раунд турнира WTA-1000 в Риме






Литературная гостиная. Анатолий Аринин: «Волжские рассветы обнимите сердцем, волгари!»

Педиатр рассказала об опасности укуса гадюки для ребенка

Победители акции «Диктант Победы-2023» награждены в Москве: среди них — ученик Нахимовского училища из Мурманска

Сколько стоит отдохнуть один день в Туле