Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2018

Новости за 24.08.2018

Daşoguzda suwlardaky heläkçilik hadysalary artýar, çagalar mejbury zähmete çekilýär

Azathabar.com 

Daşoguz welaýatynda adamlaryň suwa gark bolup, heläkçilige uçramagy ýaly betbagtçylykly hadysalar köpelýär. Şu tomus Görogly etrabynda 8 çaga, olaryň üçüsi uly adam, Saparmyrat Nyýazow etrabynda 6 çaga, Gubadag etrabynda 4 adam, Gurbansoltan eje etrabynda 3 adam ýapda suwa gark bolup heläk boldy diýip, Azatlygyň Daşoguzdaky habarçysy ýerli häkimiýetleriň hataryndaky ynamdar çeşmelerine salgylanyp 24-nji awgustda habar berdi.

Aşgabatda garaşsyzlyk baýramy üçin 'marşirowkalar' dowam etdirilýär

Azathabar.com 

Aşgabadyň onlarça ýaşaýjysy günde demirýol wokzalynyň garşysyndaky "Dagdan" stadionynda" jemlenýärler we Garaşsyzlyk baýramy üçin maşklara gatnaşýarlar diýip, 23-nji awgustda "Türkmenistanyň alternatiw täzelikleri" atly garaşsyz neşir habar berýär.   Neşriň Aşgabatdaky çeşmeleriniň maglumatyna görä, il içinde 'marşirowka' diýilýän bu taýýarlyklara her döwlet edarasyndan 5-10 adam çekilýär. Baýramçylyk güni prezident köşgüniň öňünden dabaraly ýagdaýda geçmek üçin görülýän bu taýýarlyklara paýtagtyň... Читать дальше...

Dört ýyla golaý türmede saklanan täjigistanly oppozision aklawçy azatlyga goýberildi

Azathabar.com 

Täjigistanda para almak aýyplamalarynda dört ýyla golaý wagt türme tussaglygynda saklanan aklawçy we oppozision syýasatçy azatlyga goýberildi. Şuhrat Kudratow we onuň tarapdarlary bu aýyplamalaryň syýasy matlaplara esaslanýandygyny aýdýarlar. Aklawçy we oppozision syýasatçynyň dogan-garyndaşlary 24-nji awgustda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda Kudratowyň häzirki wagt öýdedigini, ýöne onuň dynç almaga zerurlygynyň bardygyny aýdyp, häzirlikçe žurnalistler bilen gepleşmekden saklanýandygyny mälim etdiler. Читать дальше...

Bosniýa-Gersogowina orsýetli ýazyjynyň ýurda girmegini gadagan etdi

Azathabar.com 

Bosniýa-Gersogowinanyň häkimiýetleri orsýetli ýazyjy Zahar Prilepiniň ýurda girmegini gadagan etdiler. Bu hereket bosniýaly serb liderleriniň we Orsýetiň Saraýewodaky ilçihanasynyň gaharly reaksiýa bildirmegine getirdi. 23-nji awgustda ýaýradylan beýanatda rus ilçihanasy Prilepiniň Serbiýa bilen Bosniýanyň arasyndaky Raka serhet geçelgesinden yzyna ugradylmagyna “aladalanma bildirip, özüniň ýiti lapykeç bolandygyny” mälim etdi. Şeýle-de, beýanatda bu mesele boýunça rus ilçihanasynyň Bosniýanyň... Читать дальше...

Google Eýranyň propagandasyny ýaýradýandygy aýdylýan onlarça YouTube kanalyny petikledi

Azathabar.com 

Google Eýranyň döwlet eýeçiligindäki media korporasiýasy bilen ilteşikli YouTube kanallarynyň we beýleki hasaplaryň onlarçasyny petikländigini aýtdy. 23-nji awgustda Google öz geçiren sud derňewleriniň gürrüňi gidýän hasaplaryň “Eýran yslam respublikasynyň teleradiogepleşikler” (IRIB) atly media korporasiýasy bilen ilteşikli adamlar tarapyndan döredilendigini görkezýär diýdi. Birleşen Ştatlarda jemi 13,466 gezek tomaşa edilen YouTube kanallarynyň 39 sanysy we Bloggerdäki alty hasap, şeýle-de... Читать дальше...

Türkmenistanda gowaça eken kärendeçiler bergili çykmakdan alada galýarlar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 22-nji awgustda geçirilen hökümet maslahatynda gowaça ideg edilişi, hususan-da ösüş suwunyň tutulyşy we pagta ýygymyna görülýän taýýarlyk barada berlen hasabaty diňläp, oba hojalygynda gowy netijeleriň gazanylýandygyny belledi.

Russiýa ABŞ dollaryny ulanmagy bes etmek baradaky tagallalaryny güýçlendirjekdigini wada berdi

Azathabar.com 

Russiýa Birleşen Ştatlaryň şu ýylky girizen ençeme sanksiýasyna gaýtawul berip, özüniň Hytaý we Eýran bilen bilelikde global söwdada, hususan-da, Moskwa we Tähran üçin derwaýys bolan nebitiň satuwynda ABŞ dollaryny ulanmagy bes etmek baradaky tagallalaryny güýçlendirjekdigini wada berdi. Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow 23-nji awgustda “International Affairs”, ýagny “Halkara gatnaşyklary” žurnalyna beren interwýusynda “sözden herekete geçmegimiziň, özara hasaplaşyklarymyzda... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Саснович вышла в основную сетку турнира WTA-1000 в Риме






Заслуженный спасатель Щетинин объяснил возможности эвакуации из автобусов

Как российские турбины потеснили Siemens

Анастасия Удальцова посетила выставку-форум «Уникальная Россия»

Бойца ММА Исламова отправили в СИЗО до 24 июня