Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2018

Новости за 21.08.2018

Eýran Türkmenistana gaýtawul berip, “Türkmengazy” Halkara arbitraž suduna berdi

Azathabar.com 

Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda iki ýyl bäri dowam edýän gaz dawasy bilen baglanyşykly Eýranyň Milli gaz kompaniýasy Halkara arbitraž suduna arza bilen ýüz tutdy. Bu waka Türkmenistanyň “Türkmengaz” döwlet konserni bu mesele boýunça Halkara arbitraž suduna arza bilen ýüz tutandygyny resmi ýagdaýda yglan etmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Tramp Russiýa garşy girizilen sanksiýalary ýatyrmagy göz öňünde tutmaýandygyny aýtdy

Azathabar.com 

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Reuters habar agentligine beren interwýusynda Russiýa garşy girizilen sanksiýalary ýatyrmagy göz öňünde tutmaýandygyny, ýöne eger-de Moskwa oňa Ukrainada we Siriýada isleýän zatlaryny berse, onda bu meselä garap biljekdigini aýtdy. “Ýok, men muny göz öňünde tutmaýaryn. Ýok. Eger-de, olar biziň üçin bähbitli zatlary etseler, men muňa garap bilerin. Ýöne, onsuz men muny göz öňünde tutmaýaryn” diýdi. Mundanam başga, Tramp geçen aý Helsinkide geçen sammitde Putiniň... Читать дальше...

Sentsowyň tarapdarlary onuň açlyga başlamagynyň 100 günlügini belleýärler

Azathabar.com 

Halkara PEN topary ukrainaly ýazyjy we režisýor Oleg Sentsowyň açlyk yglan etmeginiň ýüz günlügi mynasybetli Russiýanyň Londondaky ilçihanasynda çäre geçirmegi planlaşdyrýar. Düýbi Londonda ýerleşýän ýazyjylaryň birleşmesi “düýäniň ähli künjeginden goldawlary ýetirmegi” maksat edinýändigini aýdýar. Şeýle-de, çärede Sentsowyň hatlary we hekaýalary okalar. Russiýanyň 2014-nji ýylda Ukrainanyň Krym ýarymadasyny basyp almagyna garşy ýiti tankytlar bilen çykyş eden Sentsow, 2015-nji ýylda rus sudy tarapyndan... Читать дальше...

Britaniýa Russiýa garşy has köp sanksiýalaryň girizilmegine çagyrýar

Azathabar.com 

Britaniýanyň täze daşary işler ministri özüniň ilkinji çykyşynda Ýewropa Bileleşigine Russiýa garşy sanskiýalary artdyrmaga we bu ugurda ABŞ bilen “egin-egne durmaga” çagyryş etmegine garaşylýar. Britaniýanyň daşary işler sekretary Jeremy Huntyň Waşingtonda ABŞ-nyň Parahatçylyk Institutynda etjek çykyşynda, Kremliň ozalky rus içalysyny Angliýada nerw gazy bilen zäherländigi aýdylýan waka bilen ilteşikli, Russiýanyň halkara normalaryna hormat goýmagy üçin, ÝB-niň Moskwa garşy has köp basyş etmegine çagyryş etjekdigi aýdylýar. Читать дальше...

Berdimuhamedow Imran Hana gutlag ýollady

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti Pakistanyň premýer-ministri wezipesine Imran Hanyň saýlanmagy mynasybetli, oňa gutlag ýollady. Gurbanguly Berdimuhamedow Hana berk jan saglyk, bagt, şeýle hem Pakistanyň doganlyk halkynyň abadançylygynyň we gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi diýip, türkmen metbugaty maglumat berýär. Ozalky kriket ýyldyzy Imran Han, öz partiýasy geçen aýda gapma-garşylykly ýeňiş gazanandan soň, Pakistanyň premýer-ministrligine girişmek barada 18-nji awgustda kasam etdi. Читать дальше...

Rus aktiwisti keselhanada açlyk çekmegini dowam etdirýär

Azathabar.com 

Russiýada tussaglykda saklanýan oppozisiýadaky Çepçi Front hereketiniň lideri Sergeý Udaltsow, ýagdaýynyň ýaramazlaşandygy sebäpli keselhana ýerleşdirilenden hem soň, açlyk çekmegini dowam etdirýär. Onuň aýaly Anastasiýa Udaltsowa adamsynyň suwdan we islendik iýmitden ýüz öwürýändigini; şeýle-de, “onuň bedeninde zerur bolan serişdeleriň gan damarlarynyň üsti bilen berilýändigini” aýtdy. Udaltsow 14-nji awgustda ýurtda pensiýa ýaşynyň artdyrylmagyna garşy protest hökmünde açlyga başlapdy. Şol bir wagtda... Читать дальше...

Özbek premýer-ministri ýol heläkçiliginden soň keselhana äkidildi

Azathabar.com 

Özbegistanyň premýer-ministri Abdulla Aripow ýol heläkçiliginde alan “şikesleri” sebäpli keselhana ýerleşdirildi. Bu barada Özbegistanyň Içeri işler ministrligindäki bir resmi Azatlyk Radiosyna maglumat berdi. Atlandyrylmasyzlygyny soran ýokary derejeli özbek resmisi Aripowyň ulagynyň duşenbe güni Bekabad-Daşkenet magistral ýolunda başga bir ulag bilen çaknyşandygyny aýtdy. Maglumata görä, hadysadan soň özbek premýer-ministri Daşkendiň golaýyndaky Bekabad etrabynyň keselhanasyna äkidilipdir.... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса