Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2018

Kabulda üç daşary ýurtly öldürildi

0
Owganystanyň paýtagty Kabulda polisiýa alnyp gaçylan we öldürilen daşary ýurtly üç raýatyň jesedini tapdy.


Içeri işler ministrligiň beren maglumatyna görä, öldürilenler Hindistanyň, Malaýziýanyň we Makedoniýanyň raýatlary bolup, olar ýük daşaýan bir kärhana işläpdirler.


Resmiler daşary ýurtlylaryň penşenbe güni ir bilen işleýän edaralarynyň golaýyndan alnyp gaçylandygyny mälim etdiler. Günüň ahyrynda olaryň jesetleri Kabulyň beýleki bir künjeginden tapyldy.


Bu jenaýatyň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almady.


Kabulda dürli jenaýatlar toparlary hereket edip, olar baý owganlylary ýa-da daşary ýurtlylary alyp gaçyp, girewine pul talap edýärler.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса