Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2018

Saud Arabystany Kanadanyň ilçisini çykardy

0
Saud Arabystany Kanadany özüniň içerki işlerine goşulmakda aýyplap, bu ýurduň ilçisini çykarýandygyny, şeýle-de baglaşylmaly täze söwda we sermaýa şertnamalarynyň togtadylýandygyny mälim etdi.


Kanadanyň Riýadhdaky ilçihanasy adam hukuklary boýunça aktiwistleriň azat edilmegine çagyryş edenden soň, ýurduň Daşary işler ministrligi “Saud Arabystan patyşalygy... öz içerki işlerine goşulmagy kabul etmez” diýen mazmunly beýanat ýaýratdy.


Saud Arabysytany Kanada bilen baglaşylmaly ähli täze söwda we sermaýa şertnamalarynyň doňdurylýandygyny yglan etdi. Ol ilçiniň ýurtdan çykmagyna 24 sagat wagt berdi we özüniň Kanadadaky ilçisini yzyna çagyrdy.


3-nji awgustda Kanadanyň Daşary işler ministrligi beýanat  ýaýradyp, onda Saud Arabystanynda jemgyýetçilik, esasan hem aýallaryň hak-hukuklary ugrunda hereket edýän aktiwistleriň tussag edilmegine alada bildiripdi.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса