Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2018

Moskwa: Ýakasyny tanadan jenaýatçy toparyň dört agzasy ömürlik tussaglyga höküm edildi

0
Ýakasyny tanadan GTA jenaýatçy toparynyň dört agzasy, Moskwada uly ýolda adam öldürmekde we talamakda günäli tapylan tussaglar ömürlik bendilige höküm edildi.


Moskwanyň regional sudy 9-njy awgustda merkezi aziýaly dört erkege – Şerjon Koditow, Umar Hasanow, Anwar Ulugmuradow we Hazrathon Dadahonow daga berlen jeza hökümlerini çykardy.


Bäşinji aýyplanýan Zafarjon Gulýamowa bolsa, 20 ýyl türme tussaglygy berildi.


Bu bäş adam 17 ganhorlykda, iki ganhorlyk synanyşygynda, talaňçylykda, garakçylykda, bikanun galplaşdyrmada we ýarag saklamakda, ogurlykda günäli tapyldy. 


Bu toparyň başlygy Ubaidullo Subhanow 2014-nji ýylda, polisiýanyň bu toparyň agzalaryny tutmak ugrunda geçiren operasiýasy mahalynda öldi. 


GTA toparynyň bäş agzasy gaçmak synanyşygynda öldürildi, biri gaçjak bolanda ýaralandy.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса