Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2018

Hazarýaka döwletleriniň Aktaudaky sammitiniň gün tertibi kesgitlendi

0
12-nji awgustda Gazagystanyň Aktau şäherinde geçiriljek Hazarýaka döwletleriniň sammitiniň kesgitlenen gün tertibi üç sany esasy meseläni öz içine alýar diýlip, Gazagystanyň daşary işler ministrliginiň resmi websaýtynda aýdylýar.


Maglumata görä, taraplar Hazar deňziniň statusyny, Hazar deňzinde ykdysadyýet we transport, ekologiýany we biologiýa resurslaryny goramak, howpsuzlyk bilen bagly hyzmatdaşygy, şeýle-de regional we halkara temalary ara alyp maslahat ederler.     


Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň çakylygy boýunça sammite Azerbaýjanyň, Eýranyň, Orsýetiň we Türkmenistanyň prezidentleri gelerler. Sammitiň netijesinde Hazar deňziniň statusy boýunça konwensiýa gol çekmek planlaşdyrylýar, diýlip resmi maglumatda aýdylýar.


Hazarýaka döwletleri deňziň statusyny 20 ýyldan gowrak wagt bäri kesgitläp bilmän geldiler. 


Türkmenistanyň resmi mediasy Hazar deňziniň statusy boýunça konwensiýany işläp düzmek baradaky gepleşikler prosesiniň guramaçylyk-kanun formasynyň 1996-njy ýylda türkmen tarapynyň inisiatiwasy bilen kesgitlenendigini belledi.  



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса