Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2018

Orsýet-Türkmenistan strategik hyzmatdaşlygy ylalaşygy güýje girýär

0
Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow we Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Reşit Meredow Gazagystanyň Aktau şäherinde iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk şertnamasynyň tassyklanmagy boýunça dokumentleri alyşmak protokolyna gol çekdiler, bu dabara hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygynyň gapdalyndan geçirildi diýip, TASS habar gullugy 11-nji awgustda habar berdi.


Türkmenistanyň bilen Orsýetiň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlyk şertnamasyna iki ýurduň döwlet ýolbaşçylary 2017-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda, Aşgabatda gol çekdiler. 


Hazarýaka döwletleriniň – Orsýetiň, Eýranyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň baştutanlary Aktauda kaspi deňziniň durumyny kesgitlemek we konwensiýa gol çekmek üçin duşuşýarlar.

 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса