Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2018

Parižiň eteginde iki adam öldürildi, YD hüjümi öz üstüne aldy

0
Fransiýanyň polisiýasy eli pyçakly adamyň Parižiň eteginde iki adamy öldürendigini we birini agyr ýaralandygyny habar berdi.


Parižden günbatarda ýerleşýän Trappes şäherçesinde 23-nji awgustda bolan bu hüjümiň jogapkärçiligini "Yslam döwleti" (YD) ekstremist topary öz üstüne aldy, emma hiç hili subutnama bermedi.


Şol bir wagtyň özünde-de Fransiýanyň Içeri işler ministrligindäki çeşmeler öldürilen iki zenanyň hüjümçiniň ejesi we dogany bolandygyny habar berdiler.


Parižiň etegindäki ýerli häkimiýetler hüjümçiniň "zyýansyzlandyrylandygyny we ölüdigini" tassykladylar. 


Bu hüjüm YD toparynyň öz lideri Abu Bakr al-Baghdadidigi aýdylýan adamyň ses ýazgysyny ýaýratmagynyň yzýany ýüze çykdy. 54 munutlyk ses ýazgyda toparyň tarapdarlary tutuş dünýäde hüjümleri dowam etdirmäge çagyrylýar. 


22-nji awgustda YD toparynyň "al-Furqan fondy" atly media guraly tarapyndan ýaýradylan ses ýazgy Baghdadiniň 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda öz tarapdarlaryny islendik ýarag bilen duşmanlary öldürmek barada eden çykyşyndan soň ilkinjisidir.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса