Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2018

ABŞ, islendik himiki hüjüm üçin, Siriýa garşy berk harby çäre görjegini duýdurýar

0
Birleşen Ştatlar Orsýete, eger-de prezident Başar al-Assad ýurduň pitneçileriň elindäki iň soňky welaýatlaryny yzyna almak üçin himiýa ýaragyny ulansa, özüniň Siriýa garşy berk harby çäre görmäge taýýardygyny aýtdy diýip, “Bloomberg News” habar berýär. 


Neşiriň 24-nji awgustda anonim çeşmelere salgylanyp beren habaryna görä, ABŞ resmilerinde Assadyň Siriýanyň Türkiýe bilen serhedine golaý ýerleşýän demirgazyk-günbatar welaýaty Idlibe garşy himiki hüjüm etmek planlaryny görkezýän maglumat bar. 


Ak tamyň milli howpsuzlyk geňeşçisi Jon Bolton 23-nji awgustda Ženewada öz rus kärdeşi Nikolaý Petruşew bilen bolan duşuşykda Waşingtonyň bu gezek Assadyň himiki ýarag ulanmalary barada aýdylýanlara garşy ozal-ahyr görülmedik derejede, has berk harby gaýtawul bermäge taýýardygyny aýtdy diýip, habarda aýdylýar.

 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса