Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2018

Rus oppozision syýasatçysy Alekseý Nawalny Moskwada tussag edildi

0
Rus oppozision syýasatçysy we korrupsiýa garşy göreşijisi Alekseý Nawalny öz Moskwadaky jaýynyň işiginde tussag edildi diýip, onuň sözçüsi Kira Ýarmiş 25-nji awgustda twitterde habar berdi.


Ýarmiş Nawalnynyň ýerli polisiýa stansiýasyna alnyp gidilendigini, onuň mobil telefonynyň polisiýa tarapyndan elinden alnandygyny aýtdy.


Ol biraz soň bu tussaglygyň 28-nji ýanwarda Orsýetiň prezidentlik saýlawlarynyň boýkot edilmegine goldaw bermek üçin geçirilen protestler bilen baglanyşykly bolup görünýändigini aýtdy.


Şonda ýurt boýunça geçirilen protestler mahalynda Nawalny bilen bilelikde 250-den gowrak adam tussag edilipdi.


Ýarmişiň twitterde ýazmagyna görä, Nawalnynyň 27-nji awgustda sud diňlenişigine çykarylmagyna garaşylýar.

 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса