Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2018

Yrakda janyndan geçeniň bombaly hüjüminde azyndan 11 adam öldi

0
Yragyň günbataryndaky howpsuzlyk barlag nokadyna edilen janyndan geçeniň ulagly bomba hüjüminde azyndan 11 adam öldi we başga-da 16 sanysy ýaralandy diýip, resmiler aýdýarlar.


Hüjümçi partladyjy serişdeler ýerleşdirilen ulagy Yragyň Anbar welaýatyndaky Kaim şäherçesindäki barlag gözegçilik nokadyna sürdi diýip, 29-njy awgustda bu welaýatyň häkimi Ahmed al-Mehlawy aýtdy.


Ol barlag nokadynyň ýurduň armiýasy we hökümetiň goldamagyndaky şaýy söweşijileri tarapyndan dolandyrylýandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.


Wakada ölenleriň we ýaralananlaryň arasynda howpsuzlyk işgärleri we parahat ilatdan ýaşaýjylar hem bar.


Ýaralananlaryň käbiriniň saglyk ýagdaýynyň agyrdygy aýdylýar.


Bu hüjümiň jogapkärçiligine häzire çenli öz üstüne alan topar bolmady.


Kaim şäherçesi Yragyň paýtagty Bagdadyň ortaça 340 kilometr günbatarynda we ýurduň Siriýa bilen serhediniň 20 kilometr çemesi uzagynda ýerleşýär. Bu geçen ýylyň noýabrynda Yrakda “Yslam döwleti” ekstremist topardan yzyna alnan soňky şäherçeleriň biridi.


Geçen ýylyň dekabrynda Yrak “Yslam döwleti” topary babatynda ýeňiş gazanandygyny yglan edipdi. Şondan bäri toparyň agzalary adamlary alyp gaçmak we öldürmek kampaniýasyny amala aşyrýar.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса