Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2018

Orsýetde partlaýjy serişdeleri öndüriji kärhanadaky partlamada azyndan üç adam wepat boldy

0
Orsýetiň Nižniý Nowgorod regionynda partlaýjy serişdeleri öndürýän zawodunda 31-nji awgustda bolan partlamada azyndan üç adam wepat boldy.


Orsýetiň media maglumatlary Swerdlow zawodundaky partlamada azyndan üç adamyň ýitirim bolandygyny habar berdiler. Bu senagat kärhanasy Orsýetiň Goranmak ministrligi, magdançylyk pudagy we nebit-gaz pudagynyň işleri üçin partlaýjy serişdeleri öndürýär.       


Azyndan iki adam partlama zerarly ýaralanypdyr.


Orsýetiň Adatdan daşary ministrligi partlamadan dörän ýangyny söndürmek boýunça işleriň ençeme sagada çekendigini aýtdy.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса