Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2018

Boston bombaçysynyň dosty ABŞ-dan Gazagystana deportasiýa ediler

0
Boston marafonunyň bombaçysy Džohar Tsarnaýewiň gazagystanly dosty ABŞ-nyň federal türmesinde bäş ýyllap saklanansoň boşadyldy.


ABŞ-nyň Immigrasiýa we gümrük gullygynyň resmisiniň 30-njy awgustda aýtmagyna görä, 24 ýaşly Dias Kadyrbaýew federal immigrasiýa resmileriniň tussaghanasyna geçirildi we Gazagystana deportasiýa ediler. 


Kadyrbaýew, şeýle-de Tsarnaýewiň beýleki iki dosty Azamat Tažaýakow we Robert Kidane Fillipos 2013-nji ýylyň 15-nji aprelinde Tsarnaýewiň Massaçusets uniwersitetindäki umumy ýaşaýyş jaýyndaky zatlary ýaşyrmagy üçin 2015-nji ýylda tussag edilipdi. 


Bu üç adam Tsarnaýewiň noutbuk kompýuterini we bomba ýasamak boýunça işleriň subutnamasy bolup biljek feýerwerkli sumkasyny alypdy.


Şeýle-de, Gazagystanly Tažaýakow adalata päsgel döretmekde günäli hasaplanyp, 3.5 ýarym ýyllyk türmä höküm edilipdi we 2016-njy ýylda öz ýurduna Gazagystana dolanypdy. 


Phillipos üç ýyllyk türmä höküm edilipdi we fewral aýynda boşadylypdy.


Džohar Tsarnaýew özüniň agasy Tamerlan bilen bilelikde 2013-nji ýylda Boston şäherinde geçirilen marafonda üç adamyň ölümine we ýüzlerçe adamyň ýaralanmagyna sebäpkär boldy.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса