Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2018

Owganystanda NATO güýçleriniň ýolbaşçysy täzelendi

0
NATO-nyň Owganystandaky güýçleriniň ýolbaşçysy täzelendi.


Waşingtonyň “Talybany” Kabuldaky günbatar goldawyny alýan hökümet bilen parahatçylyk gepleşiklerine mejbur etmek babatdaky strategiýasynyň barha kän sorag astyna salynýan wagtynda ABŞ-nyň goşun generaly Skot Miller Owganystandaky NATO goşunlarynyň komandirligini kabul etdi.


"Üstünlikli bolmak üçin biziň dowamly öwrenmegimiz we duşmana hem-de daş-töwerege uýgunlaşmagymyz zerur” diýip, Miller 2-nji sentýabrda NATO-nyň Aýgytly goldaw missiýasynyň edarasynda guralan ýolbaşçy çalşygy dabarasynda aýtdy. 


Birleşen Ştatlar indi bir ýyl bäri, howa zarbalaryny artdyrmak, müňlerçe kän esger ibermek we owgan goşunlaryna türgenleşik, geňeş-maslahat bermek bilen, “Talybana” görkezilýän basyşy güýçlendirýär.


Emma muňa garamazdan, jeňçileriň hökümete we harby nyşanalara yzygiderli hüjüm etmekleri, asuda ilatyň rekord derejelerde öldürilmeginiň dowam etmegi bilen, ol ýerde şu wagta çenli açyk-aýdyň rowaçlyk alamaty görünmeýär. 

 

Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса