Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2018

Новости за 07.09.2018

Ykdysady kynçylyklardan kösenýän ýurtda, prezident Parfiýa şalarynyň köşklerine meňzeş otel gurdurýar

Azathabar.com 

Türkmenistanda prezidentiň tabşyrygy bilen gurulýan kaşaň myhmanhanalaryň hataryna ýene-de biri goşular. Türkmen mediasy 4-nji sentýabrda prezident Berdimuhamedowyň dikuçarda Aşgabatda alnyp barylýan gurluşyk taslamalary bilen guşuçar belentlikde tanyşandygyny habar berdi, hem-de täze guruljak otel baradaky habary jemgyýetcilige “buşlady”:

Sankt Peterburgda türkmen raýatlarynyň öz watandaşyny ogurlamagy derňelýär

Azathabar.com 

Sankt Peterburgyň Derňew edaralary Türkmenistanyň üç raýatynyň öz watandaşyny ogurlamagyna degişli işi derňeýärler. Bu barada 6-njy sentýabrda Orsýetiň Sankt Peterburg boýunça Derňew komiteti habar berdi.  Читайте также на русском Derňewçileriň Orsýetiň Federal derňew komitetiniň Sankt Peterburg we Leningrad regionlary boýunça edarasynyň işgärleri bilen bilelikde geçirilen gözleg işleriniň netijesinde daşary ýurduň üç raýaty tussag edildi diýlip, resmi maglumatda aýdylýar.  Adamy ogurlamakda... Читать дальше...

Türkmenistan ýurtda ýetmeýän toguň eksportuny artdyrmagy planlaşdyrýar

Azathabar.com 

Türkmenistanda 6-nji sentýabrda ýurduň energetika senagatynyň ösüşine bagyşlanan halkara sergi we ylmy maslahat açyldy, ýaşaýjylar elektrik ýetmezçiliginden barha kän kösenýändiklerini, munuň üstesine ulanan elektriginiň bahasyny töläp bilmeýän hojalyklaryň hem barha köpelýändigini habar berýärler.

Pentagonyň ýolbaşçysy Kabula bardy

Azathabar.com 

ABŞ-nyň goranmak sekretary Jim Mattis, öňünden duýdurman, owgan prezidenti Aşraf Ghani we NATO-nyň Owganystandaky täze kommandiri bilen duşuşmak, şeýle-de “Talyban” bilen parahatçylyk gepleşiklerini maslahat etmek üçin, Kabula geldi. 2-nji sentýabrda ABŞ-nyň armiýa generaly Skott Miller NATO-nyň Owganystandaky güýçleriniň ýolbaşçylygyna bellenipdi. Şol bir wagtda, “Talyban” hereketini owgan hökümeti bilen parahatçylyk gepleşiklerine çekmek ugrunda tagalla edilýär. Emma, bu ugurdaky işler häzirlikçe möhüm netije bermedi. Читать дальше...



Özbek aýyplanýany Trampyň twitlerine salgylanyp, ölüm jezasynyň berilmezligini soraýar

Azathabar.com 

Nýu-Ýorkda adamlaryň üstüne ýük ulagyny sürüp, sekiz adamy öldürmekde aýyplanýanyň aklawçylary, prezident Donald Trampyň Twitter hasabyndaky ýazgylaryna salgylanyp, Saýfullo Saýipowa ölüm jezasynyň berilmezligini soradylar. Saýipowyň aklawçylary Tramyň oňa ölüm jezasynyň berilmegine çagyrandygyny, şol sebäpli prokurorlaryň berilmeli jezany soranlarynda obýektiw bolup bilmejekdiklerini öňe sürdüler. Tramp 1-nji noýabrda özüniň Twitter hasabynda: “Nýu-Ýork terroristi öz hassahana otagynda [“Yslam... Читать дальше...

Forum 18: Türkmenistanda şu ýyl dini ynanjy üçin dokuz adam tussaglyga höküm edildi

Azathabar.com 

Türkmenistanda şu ýylyň hasabyna öz dini ynanjy üçin tussaglyga höküm edilenleriň sany dokuza ýetdi diýip, dini azatlyklara gözegçilik edýän “Forum 18” topary maglumat berýär. Toparyň maglumatyna görä, höküm edilenleriň ählisi Ýegowa şaýatlary bolup, olar, öz dini ynanjyna laýyklykda, mejbury harby gullugy geçmekden ýüz öwrüpdirler. Tussaglyga höküm edilenler 18-24 ýaş aralygyndaky oglanlar. Soňky iş boýunça, 27-nji awgustda 18 ýaşly Söhbet Agamyradow Marynyň sudy tarapyndan bir ýyl zähmet lagerine höküm edilipdir. Читать дальше...

Türkmen telekeçileri Wena sapar edýärler

Azathabar.com 

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň delegasiýasy ýewropa ýurtlarynyň işewür toparlary bilen duşuşmak üçin Wena geldi. Bu barada resmi türkmen metbugaty habar berýär. Maglumata görä, türkmen hususy telekeçileri öz önümleriniň Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryna eksportyny öwrenmekligi meýilleşdirýärler, şeýle-de gök önümleri, miweleri we türkmen bakça ösümliklerini eksport etmäge ymtylýarlar. Mundanam başga, Awstriýanyň paýtagtynda türkmen önüm öndürijileriniň sergisi geçiriler. Читать дальше...

ŽGK: Özbegistan metbugat azatlygyna “çynlakaý” çemeleşmeýär

Azathabar.com 

Žurnalistleri Goramak boýunça Komitet (ŽGK) özbek resmilerine ýüzlenip, ýurtda sosial we dini meseleleri gozgaýan bloggerleri yzarlamagy bes etmäge we dini maglumatlary ýazandygy üçin tussag edilen dört adamy azatlyga goýbermäge çagyrdy. Maglumata görä, 28-nji awgust-2-nji sentýabr aralygynda Adham Olimow, Ziýodulla Kabirow, Otabek Usmanow we Khurşidbek Muhammadrozikow tussag edilipdirler. “Özbegistan bloggerleri yzarlamak bilen, ýurtda metbugat azatlygyny gowulandyrmaga çynlakaý çemeleşmeýändigini görkezdi” diýip... Читать дальше...

'Daşoguzda petikli telekanallary, interneti açyp berýän ussalar tussag edilýär'

Azathabar.com 

Daşoguzda hususy hojalyklardaky antennalary sazlamak we daşary ýurtlaryň telekanallaryny düzüp bermek bilen meşgullanýan ussalaryň tussag edilýändigini Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy aýdýar.     "Şu günki gün daşary ýurtlaryň telekanallarynyň kodlaryny tölegli açyp berýän ussalary organ işgärleri ýygnap, tussag edip başladylar" diýip, Daşoguzdaky habarçymyz habar berdi. Onuň sözlerine görä, hususy ussalar daşary ýurtlaryň petiklenen sputnik telekanallarynyň tölegli hyzmatlaryny,... Читать дальше...

Täjigistanda welosipedçileri öldürmekde aýyplanýanyň ejesi öz üstüne ýangyç guýdy

Azathabar.com 

Täjigistanda daşary ýurtly welosipedçileri öldürmekde şübhelenýäniň ejesi Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Duşenbedäki edarasynyň öňünde öz üstüne ýangyç guýdy. Gülhehra Şodmonowa polisiýa tarapyndan tussaghana äkidildi. Şodmonowa ÝHHG tarapyndan maliýeleşdirilýän adam hukuklary boýunça konferensiýa ýurtda gadagan edilen Täjigistanyň Yslam Galkyşynyň Partiýasynyň lideri, Muhiddin Kabiriniň, gatnaşamagyna protest bildirdi. Şodmonowa Kabiriniň öz ogly Husseýin Abdusamadowa ýaramaz täsir edip... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса