Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2018

Новости за 21.09.2018

Hytaý bilen Özbegistanyň nebit-gaz kompaniýalary ýangyç-energetika hyzmatdaşlygyny ‘ösdürýär’

Azathabar.com 

Özbegistanyň “Uzbekneftegaz” kompaniýasy bilen Hytaýyň Milli nebit gaz koporasiýasy üstümizdäki gyşda, hem-de 2019-njy ýylyň dowamynda özbek gazyny Özbegistan-Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasy arkaly Hytaýa akdyrmak boýunça Daşkentde gepleşik geçirdi diýip, 15-nji sentýabrda “Uzbekneftegazyň” metbugat gullugy habar berdi.

Owganystanda awtobus ýük ulagy bilen çaknyşdy

Azathabar.com 

Owganystanyň günbatarynda ýolagçy awtobusyň ýük ulagy bilen çaknyşmagy netijesinde azyndan 15 adam, şol sanda üç aýal we bir çaga öldi. Farah welaýatynyň Bakwa etrabynyň Pozak sebitinde ýüze çykan hadysada başga-da azyndan 30 töweregi adam ýaralandy. Farah welaýatynyň häkiminiň metbugat wekili Azatlyk Radiosyna awtobusyň Herat welaýatyndan Gandagara tarap ýola düşendigini mälim etdi. Ýerli polisiýa hadysanyň ýüze çykan pursady awtobusyň rugsat berleninden has uly tizlik bilen hereket edendigini aýtdy.



Ysraýylly general Moskwada ‘professional’ gepleşikleri geçirdi

Azathabar.com 

Ysraýylyň harby-howa güýçleriniň komandiri Moskwada “professional, açyk” gepleşikleri geçirdi. Bu Russiýanyň harby gözegçilik uçarynyň Siriýa kenarlarynda urlup ýykylmagynyň yz ýany geçirildi. Moskwa Il-20 kysymly uçary öz ýarany Siriýanyň howa hüjümlerine garşy güýçleriniň bilmezlikden urup ýykandygyny boýun aldy, ýöne edil şol wagtda Siriýa güýçlerine garşy söweş uçarlarynyň reýdini geçirendigini aýdyp, Ysraýyly hem günäledi. Urlan rus uçarynda 15 harby öldürildi. General-maýor Amikam Norkin penşenbe güni Moskwa gelip... Читать дальше...

Tramp BMG-de ‘Eýran, Srkipal meseleleri barada çykyş eder’

Azathabar.com 

Prezident Donald Tramp öňümizdäki hepde BMG-de etjek çykyşynda Eýran, Angliýada Skripallaryň zäherlenmegi, himiki ýaraglar we Demirgazyk Koreýa barada gürrüň eder diýip, ABŞ-nyň ilçisi Nikki Halleý mälim etdi. “Men Howpsuzlyk Geňeşiniň bu maslahatynyň iň köp tomaşa edilen mejlisi boljakdygyna ynanýaryn” diýip, Halleý Fox News tele-kanalyna beren interwýusynda aýtdy. Tramp 25-nji sentýabrda 193 agzalyk Milli Assambleýanyň resmi açylyş dabarasynda we ertesi gün Howpsuzlyk Geňeşinde çykyş eder.

Müsüriň sudy Mubaregiň ogullaryny girew astynda azatlyga goýberdi

Azathabar.com 

Müsüriň ozalky prezidenti Hosni Mubaregiň iki ogly söwda galplyklaryna aýyplanyp tussag edileninden bäş gün soň, girew astynda azatlyga goýberildi. Kairyň harby sudy Mubaregiň doganlarynyň ýegenleriniň tussag edilmesine garşy arzasyny kabul edip, tussaglaryň her biri üçin 5 müň 570 dollar möçberinde girewi kesgitläp, olary tussaglykdan boşatdy. Gurply telekeçiler Alla Mubarak we Gamal Mubarak gymmatbaha kagyzlar biržasynda manipulýasiýalar arkaly 30 million dollar möçberinde bikanun gazanç etmekde aýyplandylar. Читать дальше...

Wýetnamyň prezidenti aradan çykdy

Azathabar.com 

Wýetnamyň prezidenti Tran Dai Kuang “agyr keselden” soň, aradan çykdy diýip, ýerli media habar berýär. “Prezident Tran Dai Kuang 21-nji sentýabrda, sagat 22:05-de harby keselhanada ýogaldy” diýip, Wýetnamyň resmi habar agentligi anna güni irden maglumat berdi. Tran Dai Kuangyň ýaşy barada dürli maglumatlar bar. Onuň 61-68 ýaş aralygynda bolandygy çaklanylýar. Merhum barada başga goşmaça maglumat berilmedi. Ol 2016-njy ýylda Kommunistik partiýasy tarapyndan saýlanandan soň, prezidentlige kasam getiripdi. Читать дальше...

Poroşenko Russiýa garşy girizilen sanksiýalaryň gowşadylmak ‘howpy’ barada duýdurdy

Azathabar.com 

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko Russiýanyň Ukrainadaky hereketleri sebäpli Moskwa garşy girizilen halkara sanksiýalarynyň gowşadylmak howpy dogursynda aladasyny bildirdi. Poroşenko Ukrainanyň içerki we daşarky syýasaty babatynda eden ýyllyk çykyşynda Moskwanyň basyp alan Krym ýarymadasynyň yzyna, ýagny Ukraina berilmezden gadagançylyklaryň gowşadylmagy halkara hukukynyň ýeňilişi boljakdygyny duýdurdy. “Biz Russiýa basyş etmek üçin girizilen sanksiýalary gowşatmak boýunça ediljek islendik synanyşyklara garşy çykarys” diýip... Читать дальше...

RUSADA garşy girizilen gadagançylyklar ýatyryldy

Azathabar.com 

Dopinge Garşy Bütindünýä Agentligi, ýagny WADA, onlarça türgeniň garşylygyna garamazdan, Russiýanyň dopinge garşy edarasy – RUSADA girizilen gadagançylyklary ýatyrdy. WADA-nyň prezidenti Kreg Ridie (Craig Reedie) 12 agzalyk dolandyryjy komitetiň “aglabasynyň” RUSADA garşy girizilen üç ýyllyk gadagançylygyň aradan aýrylmagyna ses berendigini aýtdy. 2015-nji ýylda rus hökümetiniň başda durmagynda sportda gadagan edilen serişdeleriň ulanylandygy baradaky hasabatdan soň, RUSADA çetleşdirilipdi. ... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
ATP

Хачанов победил Шевченко во втором круге турнира ATP в Риме






Жители Люберец станцевали Майский вальс в канун Дня Победы

Масштабирование дизайнера: опыт работы в международных компаниях премиум-класса

Житель Челябинской области стал первым в истории «Спортлото «4 из 20» мультимиллионером

RT: водитель упавшего в Мойку автобуса ранее работал контролёром и курьером