Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2018

Новости за 24.09.2018

K.Uotters: Biz Türkmenistandan talap edýäris - Olary diri görkeziň!

Azathabar.com 

20-nji sentýabrda BMG-niň Ženewadaky ştab kwartirasynda geçirilen duşuşykda "Olary diri görkeziň!" halkara kampaniýasynyň we beýleki döwletleriň maslahatlaryna Türkmenistanyň beren jogaby ara alyp maslahatlaşyldy. Bu kampaniýanyň agzasy Keýt Uotters Türkmenistanyň hökümetinden türkmen türmelerinde ýitirim edilen tussaglary "diri görkezmegi talap etdi".

ABŞ-nyň ÝHHG-daky missiýasy Türkmenistandaky adam hukuklary boýunça aladalaryny beýan etdi

Azathabar.com 

Birleşen Ştatlaryň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyndaky missiýasy Türkmenistandaky zorlukly ýitirim edilmeler babatda beýanat ýaýratdy. Ýaýradylan beýanaty ÝHHG-niň Adam ölçegleri boýunça golaýda Warşawada geçiren duşuşygynda Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň Ýewropa we Ýewraziýa meseleleri boýunça orunbasarynyň kömekçisi Maýkl Mörfi (Michael Murphy) jemgyýetçilige ýetirdi.

“Biziň adymyzdan däl” - Dördünji gepleşik

Azathabar.com 

Näme sebäpden ýüzlerçe gyrgyzystanly Siriýa we Yraga söweşe gidýärler? Olaryň dostlary, goňşulary bu barada nähili pikirde? Munuň bilen nädip göreşmeli? “Biziň adymyzdan däl” – Merkezi Aziýa sebitini öz içine alýan regional TW proýektidir.



Nawalny ýene-de tussag edildi

Azathabar.com 

Rus oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalny jemgyýetçilik ýerlerinde ýygnanyşmak düzgünlerini bozandygy üçin höküm edilen 30 gün türme tussaglygyndan çykyp barýan pursady, ýene-de şol bir aýyplamalar esasynda ýaňadandan tussag edildi. Nawalny duşenbe güni ir bilen tussaghanadan çykan mahaly Moskwanyň polisiýa edarasyna äkidildi. Bu barada Nawalnynyň metbugat wekili Kira Ýarmyş maglumat berdi. Ýarmyş Nawalna 20 güne çenli türme tussaglygynyň berilmeginiň mümkindigini hem belledi. Mundan bir aý ozal... Читать дальше...

Ýerewanda geçen saýlawlarda Paşiniýanyň blogy ýeňiş gazandy

Azathabar.com 

Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşiniýanyň blogy paýtagt Ýerewanda geçirilen munisipal saýlawlarynda ynamly ýeňiş gazandy. Muňa ýurduň täze ýolbaşçysynyň syýasy kuwwadynyň synagy hökmünde garaldy. Merkezi Saýlaw Komissiýa Paşiniýanyň Meniň ädimim blogunyň sesleriň 81%-ni alandygyny mälim etdi. Bu bloguň esasy kandidaty, aktýor we prodýuser Haýk Marutiýanyň Ýerewanyň häkimi saýlanmagy üçin ýol açýar. Resmi maglumata görä, saýlawlara ses bermäge hukugy bolanlaryň 43.7%-i gelipdir. Ozalky,... Читать дальше...

OPEC nebitiň önümçiligini artdyrmazlyk barada ylalaşdy

Azathabar.com 

Nebiti eksport edýän ýurtlaryň guramasyna, ýagny OPEC-a agza döwletler we nebitiň esasy eksportýorlary nebitiň önümçiligini artdyrmazlyk barada ylalaşdylar. Bu barada ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň bahalary peseltmek çagyryşlaryna garamazdan ylalaşyldy. 23-nji sentýabrda OPEC agzalary we Russiýa ýaly agza bolmadyk ýurtlar Alžirda duşuşdylar. ABŞ-nyň Tährana garşy täze sanksiýalary girizmegi bilen Eýranyň nebit eksporty peselip, bu hem nebitiň dünýädäki bahasynyň artmagyna getirdi. Tramp OPEC-e önümçiligi artdyryp... Читать дальше...

Nigeriýada garakçylar daşary ýurtlylary alyp gaçdylar

Azathabar.com 

Nigeriýanyň kenarlarynda garakçylar şwed gämisiniň 12, şol sanda filippinaly, sloweniýaly, ukrainaly, rumyniýaly, horwatiýaly we bosniýaly agzalaryny alyp gaçdylar. Gämä Lagosdan Port Harkourt şäherine barýan pursady hüjüm edildi. Alnyp gaçylan 12 işçiniň ykbaly heniz hem belli däl.

Norwegiýada içalylyk aýyplamalarynda rus raýaty tussag edidi

Azathabar.com 

Norwegiýada bir rus raýaty bikanun aňtaw hereketleri üçin tussag edildi diýip, norweg resmileri maglumat berýärler. Norwegiýanyň habar serişdeleri gürrüňi gidýän şahsyýetiň 21-nji sentýabrda paýtagt Oslonyň çetindäki Gardermoen aeroportynda ele salynandygyny habar berdiler. Şahsyýeti aýdyňlaşdyrylmadyk rus raýaty, 22-nji sentýabrda Oslonyň etrap sudundaky diňlenişikden soň, tussag astyna alyndy. Polisiýa, deliller öwrenilýänçä, onuň iki hepde gözenegiň aňyrsynda saklanjakdygyny mälim etdi. ... Читать дальше...

Sakgaly sebäpli oýuna goýberilmedik täjik futbolçysy Minskde tussag edildi

Azathabar.com 

Belarus resmileri Täjigistanda sakgaly sebäpli oýuna goýberilmedik ozalky täjik futbolçysyny tussag etdiler. Bu barada Parwiz Tursunowyň aýaly Azatlyk Radiosyna habar berdi. 2011-nji ýylda Täjigistanyň Futbol Federasiýasy 43 ýaşly Tursunowdan sakgalyny gysgaltmagyny talap edipdi. Futbolçy mundan ýüz öwüreninden soň, ol milli çempionatyň oýunlaryna goýberilmedi. Täjigistanda sakgaly goýbermek kanun taýdan gadagan däldir. Emma, häkimiýetler näresmi ýagdaýda 50 ýaşdan bärdäki erkekleriň sakgalyny ösdürmegine garşy çykýarlar. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Александр Зверев

Александр Зверев раскритиковал график соревнований в туре






Работу Wink и «Кинопоиска» могут приостановить за пропаганду ЛГБТ*

Глава Мытищ Юлия Купецкая поздравила ветеранов с Днем Победы

«Россети Московский регион» встретили День Победы на «Рубеже обороны Москвы»

Сергей Собянин. Главное за день