Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2018

Новости за 03.09.2018

Türkmen prezidentiniň birinji gezek mekdebe barýan körpeler üçin sowgady hemmä ýetmedi. WIDEO

Azathabar.com 

Türkmenistanda birinji gezek mekdebe barýan körpeler üçin niýetlenen prezidentiň sowgady - noutbuk kompýuterler şu ýyl ýurduň onlarça mekdebinde paýlanmady. Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylarynyň, birnäçe çeşmesiniň we ene-atalaryň aýtmagyna görä, şu ýyl noutbuk kompýuterler Aşgabadyň azyndan 15 mekdebinde, Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň azyndan bäş orta mekdebinde, Lebap we Mary welaýatlarynyň ençeme mekdebinde okuwçylara berilmändir. "Marynyň Sakarçäge, Tagtabazar etraplarynda... Читать дальше...

'Amul-Hazara' taýýarlanýan Türkmenistanda sürüjiler şaýlanýar, hususy ýük ulaglary eýeleriň elinden alynýar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň "Amul-Hazar 2018" awtorallisine gatnaşjak sürüjiler toparyna enjamlar we sürüjilik şahadatnamasy gowşuruldy. Şol bir wagtda-da, 9-15-nji sentýabr aralygynda ýurtda geçiriljek bu halkara çäresine görülýän resmi taýýarlyklaryň dowamynda häkimiýetleriň ýük we gurluşyk awtoulaglaryň eýelerinden olaryň hususy ulaglarynyň bu çäre üçin talap edýändigi habar berilýär.  Soňky maglumatlara görä, welaýatlarda ýük ulaglaryň eýelerinden öz hususy ulaglaryny awtorallä hyzmat etmek üçin tabşyrylmagy talap edilýär. Читать дальше...



Ýaponiýanyň nebit kärhanasy eýran nebitiniň importyny ‘togtatmaga taýýarlanýar’

Azathabar.com 

Ýaponiýanyň esasy nebit kärhanasy öňümizdäki aý eýran nebitiniň importyny togtatmaga taýýarlanýar diýip, Ýaponiýanyň habar serişdeleri maglumat berdiler. Aýdylmagyna görä, bu ABŞ-nyň Tährana garşy girizen sanksiýalary we olaryň Eýran bilen hyzmatdaşlyk edýän kärhanalara garşy hem girizilip bilinjekdigi bilen bagly. Prezident Donald Tramp maý aýynda ABŞ-ny 2015-nji ýyldaky Tähranyň Ýadro ylalaşygyndan çykarypdy we dessine Eýrana garşy sanksiýalar girizip başlapdy. Waşington noýabryň başynda... Читать дальше...

Türkmenistan Aziýa oýunlarynda üç medaly almagy başardy

Azathabar.com 

Şu ýyl Indoneziýada geçirilen XVIII tomusky Aziýa oýunlarynda türkmen türgenleri üç medal gazanyp, 45 ýurduň arasynda 32-nji orny eýelediler. 18-nji awgust-2-nji sentýabr aralygynda Indoneziýanyň paýtagty Jakarta bilen Palembang şäherlerinde geçen oýunlarda agyr atletika boýunça 53 kilogram agramda çykyş eden türkmenistanly türgen Kristina Şermetowa kümüş medala, sportuň ju-jitsu görnüşi boýunça 56 kilogram agramda çykyş eden Kemal Meredow bürünç medala, şeýle-de 87 kilogram agramda çykyş eden... Читать дальше...

Khameneýi Eýranyň harby mümkinçiliklerini artdyrmaga çagyrdy

Azathabar.com 

Eýranyň ýokary ruhany lideri Aýatollah Ali Khameneýi ýurduň harby güýçleriniň goranmak mümkinçiliklerini artdyrmaga çagyrdy. Khameneýi harby kommandirlere ýüzlenip “häzirki syýasy ýagdaýlardan ugur alynsa, onda harby urşuň turjakdygy gümana. Ýöne, onda-da harby güýçlerimiz hüşgär bolmaly... we özüniň şahsy we maddy mümkinçiliklerini artdyrmaly” diýipdir. Prezident Donald Tramp ABŞ-ny 2015-nji ýyldaky Eýranyň Ýadro ylalaşygyndan çykarandan soň, Waşington bilen Tähranyň arasyndaky gatnaşyklar ýitileşdi.

Russiýada “adam iýiji” pensiýa reformasyna garşy protest geçdi

Azathabar.com 

Russiýada müňlerçe adam ýurtda amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýan pensiýa reformasyna garşy protest geçirdiler. “Biz tutuş Russiýa boýunça adam iýiji reformalara garşy protest geçirýäris” diýip, Kommusntik Partiýanyň lideri Gennadiý Zýuganow Moskwada ýygnanan müňlerçe demonstrantyň öňünde çykyş etdi. Protestler beýleki şäherler bilen birlikde, ýurduň ikinji uly şäheri Sankt-Peterburga, Uralyň Ýekaterinburgynda, Sibiriň Nowosibirskinde, Uzak Gündogaryň port şäheri Wladiwostokda dagy hem geçirildi. Читать дальше...

Paşiniýan Moskwa sapar etjekdigini aýtdy

Azathabar.com 

Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşiniýan Moskwa bilen Ýerewanyň arasyndaky meseleleriň möhümliligine uly ähmiýet bermän, ikitaraplaryn gatnaşyklaryň “özüniň tebigy ugry boýunça özgerýändigni” aýtdy. Facebook arkaly göni ýaýlymda ýaşaýjylaryň soraglaryna jogap beren Paşiniýan özüniň Moskwa sapar etjekdigini we rus prezidenti Wladimir Putin bilen gepleşikleri geçirjekdigini hem mälim etdi. Ol saparyň anyk senesi barada maglumat bermän, diňe onuň ýakynda amala aşjakdygyny aýtdy. Ol: “Bu biziň... Читать дальше...

Owganystanda Moldowanyň dikuçary heläkçilige uçrady

Azathabar.com 

Owganystanyň demirgazygynda Moldowa kompaniýasynyň eýeçiligindäki bir dikuçar heläkçilige uçrady. Wakada ýolagçylaryň azyndan 12-si, şol sanda iki ukrain raýaty we 10 owgan esgeri öldi. Moldowa resmileriniň beren maglumatyna görä, Mi-8 kysymly dikuçar Balh welaýatynyň Mazar-e Şerif şäheriniň golaýyndaky harby bazadan howa galandan soň, ýere gaçypdyr. Hadysada iki adam aman galmagy başarypdyr. Owganystanyň demirgazygyndaky güýçleriň kommandiriniň orunbasary Nazer Khuda Pamiri dikuçaryň “tehniki näsazlyklar” sebäpli ýere gaçandygyny aýtdy.


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Анастасия Павлюченкова

Павлюченкова официально аккредитовала на турнир в Риме двух своих собак






Жителям Подмосковья напомнили про добровольное страхование жилья

Экс-боец ММА, устроивший ДТП на Porsche в Петербурге, отправится на СИЗО почти на 1,5 месяца

В Китае запечатлели облачный водопад

Синоптик Ильин: рост температуры в Московском регионе начнется в 20-х числах мая