Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2018

Özbegistan dilegçilik üçin jenaýat jogapkärçiligini girizjek bolýar

0
Özbek kanunçykaryjylary jemgyýetçilik ýerlerinde dilegçiligi gadagan edýän kanun taslamasyny ýurduň parlamentine hödürlediler.


Prezident Şawkat Mirziýoýew tarapyndan teklip edilen bu kanun taslamasy ýurduň kanunçylyk maglumatlar boýunça Internet portalynda ýerleşdirildi.


Oňa laýyklykda, jemgyýetçilik ýerlerinde dilegçilik etmekde tutulan şahsyýetlere üç ýyla çenli türme tussaglygynyň berilmegi mümkin. Mundanam başga, adam gaçakçylygy bilen meşgullanýanlara, şol sanda dilegçilige maýyplary, çagalary we gartaşan adamlary çeken şahsyýetlere ýedi ýyla çenli türme tussaglygy berlip bilinýär.


1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargandan soň Özbegistanyň we käbir beýleki ozalky sowet respublikalarynyň köçelerinde dilegçiler peýda bolup başlapdy. Olaryň sany häzir azalsa-da, Özbegistanyň aeroportlarynda, bazarlarynda we demir-ýol stansiýalarynda hemaýat sorap, el serýän adamlary görse bolýar.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса