Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2018

Kabulda partlamada azyndan 20 adam öldi

0
Kabulyň aglaba şaýylaryň ýaşaýan sebitindäki göreş merkezinde amala aşyrylan iki bomba hüjüminde azyndan 20 adam öldi, başga-da 70-e golaýy ýaralandy.


Içeri işler ministrligi janyndan geçeniň özüni Kabulyň günbataryndaky Daşt-e Barçi sebitindäki türgenleşik merkeziniň içinde partladandygyny habar berdi. Wakanyň bolan ýerine žurnalistler we howpsuzlyk güýçleri geleninden soň, içi bombaly ulag partladyldy.


Ölenleriň arasynda ýerli habar gullugynyň iki işgäri hem bar. Mundanam başga, partlamada dört žurnalist we ýedi polisiýa işgäri ýaralandy.


Hüjümiň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” ekstremistik topary öz üstüne aldy.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса