Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2018

Demirgazyk Koreýa 70 ýyllygyny belledi, ýöne harby paradda ballistik raketalaryny güjeňlemedi

0
Demirgazyk Koreýa uly harby parad bilen ýurduň esaslandyrylmagynyň 70 ýyllygyny belledi, ýöne özüniň halkara sanksiýalarynyň obýektine öwrülen yklymara ballistik raketalaryny güjeňlemedi.


Lider Kim Jong Un 9-njy sentýabrda paýtagt Phenýandaky tribunadan paradda geçirilen goşunlara, toplara we tanklara syn etdi diýip, habar serişdeleri habar berýär.


Kim mähellä ýüzlenip söz sözlemedi, ýogsa olaryň içinde Demirgazyk Koreýa bilen dostlukly gatnaşykda bolan ýurtlaryň, şol sanda Hytaýyň we Orsýetiň hem ýokary derejeli delegasiýalary bar.


Başha bu çärä Hytaýyň prezidenti Si Jinping hem gatnaşmakçy diýen maglumatlar çykdy, emma Pekin oňa derek parlament başlygyny iberdi. Orsýete rus parlamentiniň ýokarky palatasynyň spikeri we prezident Wladimir Putiniň ygrarlysy Walentina Matwiýenko wekilçilik etdi.

 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса