Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2018

Amerikanlaryň 2001-nji ýyldaky terrorçylykly hüjümleriň ýyldönümini bellemegine garaşylýar

0
Amerikanlaryň 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda amala aşyrylan terrorçylykly hüjümleriň 17-nji ýyldönümini möhüm çäreler bilen bellemegine garaşylýar. Bu çäreler Nýu-Ýork şäherindäki Bütindünýä söwda merkeziniň we Waşingtonda Pentagonyň territoriýasynda geçiriler.


Bu ýatlama çärelerine müňlerçe adamyň gatnaşmagyna garaşylýar.


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Trampyň we onuň aýaly Melanianyň Pensilwaniýadaky Şenkswille sebitine sapar etjekdigi habar berildi. Bu ýerde dört uçaryň dördünjisinde ýolagçylar kokpite girip, uçaryň kontrollygyny ogrulardan yzyna alandan soň, uçar meýdana süsňäp ýykylypdy. Bu wakada jemi 40 adam heläk boldy.


11-nji sentýabrda bolan hüjümlerde 3 müňe golaý adam öldi. Olaryň aglabasy Bütindünýä söwda merkeziniň iki binasynyň ýumrulmagy netijesinde heläk boldy.


Bu amerikan territoriýasynda bolan iň ýowuz terrorçylykly hüjümdi.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса