Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2018

Türkmenistan ýolagçylar üçin 3, “wajyp uçuşlar” üçin 1 “Boeing” satyn alýar

0
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 14-nji sentýabrda täze dört sany “Boeing” uçaryny satyn almak baradaky karara gol çekdi.


Karara laýyklykda, “Türkmenhowaýollary” gullugyna “Boeing 737 MAX 7” kysymly 3 sany uçary, şol sanda wajyp uçuşlar üçin niýetlenen 1 sany uçary satyn almak barada Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň “Boeing” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berilýär. 


Täze satyn alynjak uçarlaryň bahalary, "wajyp uçuşlar üçin niýetlenen" uçaryň kim üçindigi anyklaşdyrylamýar.  


“Türkmenhowaýollary” milli kompaniýasynyň zerurlyklary üçin öndürlen “Boeing 737-700” kysymly uçaryň 22-nji fewralda Delawer ştatynyň Georgetown şäherine getirlendigini, Flightradar24 gullugynyň websaýtyna salgylanyp, "Türkmenistanyň alternatiw habarlary" saýty mart aýynda habar berdi. 


Neşir bu şäherde VIP müşderiler we döwlet baştutanlary üçin niýetlenen uçarlaryň ýörite özgerdilmegi boýunça iş alyp barýan ALOFT AeroArchitects kompaniýasynyň ýerleşýändigini belleýär. Şeýle-de bu uçara ozal prezident S.Nyýazow tarapyndan  ulanylan we soň Belarusa satylan uçaryň nomeriniň - EZ-A700 nomeriniň berlendigi aýdylýar.


Täze uçarlaryň ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň hilini we medeniýetini ýokarlandyrmak hem-de uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen satyn alynjakdygy aýdylýar.

 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса