Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2018

Ýemende 5 milliondan gowrak çaga açlyk howpy abanýar

0
Azyk nyrhlarynyň ýokarlanmagy we esasy port şäheri Hudaýdahyň töweregindäki uruşlaryň gaýtadan möwjemegi sebäpli Ýemende häzir jemi 5.2 million çaga açlyk töwekgelligi bilen ýüzbe-ýüz dur diýip, Çagalary halas et guramasy duýdurýar.


"Bu urşuň ýemen çagalarynyň tutuş bir neslini öldürmek ähtimallygy bar, olar bombalardan, açlykdan başlap, mergi ýaly öňüni alyp boljak keselleriň döredýän bir topar how-hataryna duçar bolýar” diýip, sahawatlylyk guramasynyň başlygy Helle Thorning-Schmidt 19-njy sentýabrda aýtdy.


Ýemendäki konflikt 2015-nji ýylda, Eýran tarapyndan goldanylýan şaýy huti pitneçileri ýurduň günbatarynda köp ýeri basyp alanyndan soň möwjäp galdy. Saud-Arabystanynyň ýolbaşçylygyndaky harby koalisiýa halkara çäginde ykrar edilen hökümeti, prezident Abd-Rabbu Mansur Hadiniň hökümetini dikeltmäge çalyşýar.

 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса