Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2018

Ysraýyl HHG ulgamlarynyň Siriýa ugradylmagynyň ‘howplary’ barada duýdurdy

0
Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu rus prezidenti Wladimir Putine ýüzlenip, Moskwanyň Siriýa ýokary derejeli howa hüjüminden goranyş ulgamlaryny ugratmazlyga çagyrdy. Ol munuň netijesinde regionyň has-da durnuksyzlaşjakdygyny aýtdy.


Iki lideriň telefon söhbetdeşliginde Netanýahu Putine “ýokary derejeli ýaraglaryň jogapkärsiz ellere berilmegi regiondaky howp-hatary artdyrjakdygyny”, şeýle-de “Ysraýylyň Siriýadaky eýran obýektlerine bomba zarbalaryny amala aşyryp, öz howpsuzlygyny we bähbitlerini gorajakdygyny” aýdypdyr. Bu barada Netanýahunyň edarasynyň beýanatynda bellenilýär.


Geçen hepde Siriýanyň kenarlarynda rus harby gözegçilik uçary urlup ýykylypdy. Moskwa Il-20 kysymly uçary öz ýarany Siriýanyň howa hüjümlerine garşy güýçleriniň bilmezlikden urup ýykandygyny boýun aldy, ýöne edil şol wagtda Siriýa güýçlerine garşy söweş uçarlarynyň reýdini geçirendigini aýdyp, Ysraýyly hem günäledi. Urlan rus uçarynda 15 harby öldürildi.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса