Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2018

ABŞ nebitiň bahasynyň ýokarlanmagynyň öňüni almak üçin özüniň nebit rezerwinden peýdalanmaz

0
ABŞ-nyň energiýa sekretary Rik Perri (Rick Perry) Eýranyň nebit pudagyny nyşana alýan sanksiýalar şu ýylyň noýabr aýynda güýje girende, bahalaryň ýokarlanmagynyň öňüni almak üçin Birleşen Ştatlaryň hökümetiniň öz äpet nebit gorlaryndan nebit almagy göz öňünde tutmaýandygyny aýtdy.


Dünýäde hökümet eýeçiligindäki iň uly nebit ätiýajy hasaplanýan Birleşen Ştatlaryň Strategik nebit rezerwinden nebit çykarmak nyrhlaryň saklanmagyna diňe “ujypsyz we gysga möhletleýin täsir eder” diýip, Perri 26-njy sentýabrda Waşingtonda eden çykyşynda aýtdy.


Şu ýylyň maý aýynda Tramp dünýäniň iň kuwwatly ýurtlary bilen Tähranyň arasynda 2015-nji ýylda gelnen ýadro ylalaşygyndan yza çekilýändigini we Eýrana garşy ykdysady sanksiýalary gaýtadan dikeldýändigini yglan edensoň, nebitiň bahasy ýiti derejede gymmatlady.


Şu hepde Londonda nebitiň “Brent” markasynyň bahasy 82,55 amerikan dollaryna çenli ýokarlandy. Bu 2014-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri iň ýokary görkezijidir.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса