Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июль
2019

Новости за 03.07.2019

Berdimuhamedowyň öňki we soňky ýaş toýlary

Azathabar.com 

Bu ýyl Berdimuhamedowyň 62-nji ýaş toýuna bagyşlanan esasy dabara Marynyň metjidinde berlen toý-sadaka boldy, ýöne ondan ozalky ýyllardaky doglan günlerinde türkmen prezidenti öz ýaş toýuny dünýä belli aýdymçylary Türkmenistana çagyryp şowhunly belleýärdi

Türkmenistanlylaryň ýurtdan gitmek we dolanmazlyk islegleri artýar

Azathabar.com 

Öz ýurduna dolanmakdan saklanýan türkmenistanlylaryň arasynda daşary ýurtlarda bilim alýanlaryň we gazanç edýänleriň sany artýar. Munuň bilen bir wagtda-da, ýaşaýjylaryň ýurduň daşyna göçüp gidýän halatlary köpelýär.  "Daşoguzda durmuş çydar ýaly bolmady. Örän köp adam, hatda döwlet wezipelerinde, polisiýada, häkimliklerde işleýän adamlar hem işini taşlap, gidýärler. Ýogsa, olaryň gazanjy, beýlekilere garanda ýaramaz däl. Emma şonda-da, ýaşamak üçin ýetmeýär" diýip, Azatlygyň Türkmenistandaky habarçysy 3-nji iýulda habar berdi. Читать дальше...

Rohani Tähranyň has ýokary derejede uran baýlaşdyrmaga taýýardygyny gaýtalaýar

Azathabar.com 

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani Tähranyň uran baýlaşdyrmagy täze derejä çykarmaga taýýardygyny gaýtalady we 7-nji iýulda urany 2015-nji ýylda dünýä döwletleri bilen baglaşylan ýadro ylalaşygynda rugsat berlen derejesinden, 3.67 prosentden aňryk hem baýlaşdyryp başlajagyny aýtdy.  "Eger-de siz gynanç bildirmek we beýanat çap etmek isleseňiz, siz muny şu wagt edip bilersiňiz” diýip, AP Rohaniniň sözlerini sitirledi. Rohani maýda bu ylalaşyga gol çeken ýurtlar bolan Britaniýa, Fransiýa, Germaniýa... Читать дальше...

Almazbek Atambaýewiň tarapdarlary we garşydaşlary aýry-aýrylykda ýygnanyşyk geçirmegi planlaşdyrýar

Azathabar.com 

Ozalky prezident korrupsiýada aýyplanyp, tussag edilmek howpy bilen ýüz-ýüz duran wagtynda, Almazbek Atambaýewiň tarapdarlary we garşydaşlary 3-nji iýulda  toplanyp, aýry-aýrylykda ýygnanyşyk geçirmegi planlaşdyrýarlar.  Atambaýewiň goldawçylary özleriniň merkezi Bişkekde toplanyp, onuň garşysyna bildirilýän aýyplamalaryň ýatyrylmagyny talap etjekdiklerini aýtdylar. “Köne elita täze liderler üçin orunlary boşatmaly” diýen şygar astynda geçjek ýygnanyşyga Atambaýewiň hem gatnaşmagyna garaşylýar. Читать дальше...

ABŞ täze gazak hökümeti bilen gatnaşyklary pugtalandyrmagy wada berýär

Azathabar.com 

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Maýk Pompeo Gazagystanyň daşary işler ministri bilen gepleşenden soň, Amerikanyň energiýa baý merkezi aziýa ýurdy bilen gatnaşyklaryny “pugtalandyrmak” isleýändigini aýtdy. Gazagystanyň daşary işler ministri Beibut Atamkulow 1-2-nji iýulda Waşingtona eden saparynda Pompeo hem-de ABŞ-nyň milli howpsuzlyk geňeşçisi bilen gepleşik geçirdi. Bu sapar Gazagystan geçen aýda Kasym-Žomart Tokaýewi prezident saýlandan soň amala aşyryldy. ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk... Читать дальше...

Gürjüstanyň sudy oppozision deputattyň girewini saklaýar, anti-hökümet protestler dowam edýär

Azathabar.com 

Gürjüstanyň şikaýat sudy oppozisiýadaky kanun çykaryjy, geçen aýda paýtagtdaky anti-hökümet protestleri mahalynda bidüzgünçilige çagyrmakda aýyplanýan Nika Melia üçin girewi güýjünde galdyrdy. Tbilisiniň Şikaýat sudy 2-nji iýulda, demonstrasiýaçylar parlament binasynyň daşynda 12-nji gije toplanyp, içeri işler ministriniň işden çekilmegini talap edenlerinden soňra karar çykardy. Prokurorlar Melianyň suda çenli girew astynda boşadylmagyna garşy dursalar, onuň aklawçylary öz müşderilerine garşy ähli aýyplamanyň ýatyrylmagyny talap etdiler. Читать дальше...

ÝB resmilerine tussaglykdaky gyrgyz aktiwistiniň boşadylmagy üçin basyş görkezilýär

Azathabar.com 

Sekiz sany adam hukuklary guramasy we metbugat azatlygy gözegçisi EB-niň daşary syýasat başlygy Federika Mogherinini we beýleki ÝB resmilerini gyrgyz adam hukuklary aktiwisti Azimjan Askarowyň derrew türmeden boşadylmagyny goldamaga çagyrdy.  Geçen aýda ÝB resmilerine iberilen we 1-nji iýulda jemgyýetçilige aýan edilen hatda toparlar 68 ýaşyndaky Askarowyň “saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy” bilen baglylykda onuň “nädogry tussaglygyndan” “çuňňur we gaýragoýulmasyz aladalaryny” bildirdiler.  Olar resmileriň “gyrgyz hökümeti bilen gürleşip... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Александр Зверев

Александр Зверев раскритиковал график соревнований в туре






Евгений Аверин. Объекты инверсивной силы

Композитор из рода Аксаковых. Часть 2

Валентина Ампилогова: Все то, что происходило в Москве, переполняет меня чувством гордости за нашу страну, за нашу армию и за наших людей.

В Москве задержали оскорблявшего пенсионерок на видео блогера