Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июль
2019

Новости за 07.07.2019

Owganystan: Gaznide ulag partladyldy, "Talyban" jogapkärçiligi öz üstüne aldy

Azathabar.com 

Owgan resmileri janyndan geçen bombaçynyň ulagyny partlatmagy netijesinde Gazni şäherinde azyndan üç adamyň ölendigini, onlarça adamyň ýaraly bolandygyny aýdýarlar. 7-nji iýuldaky hüjümiň jogapkärçiligini “Talyban”, wekilleriniň Dohada ähli owgan taraplarynyň gatnaşmagynda geçiriljek iki günlük maslahata gelmegine garaşylýan jeňçi topar öz üstüne aldy.  Gaznidäki hüjümde Milli howpsuzlyk müdirýetiniň edarasy nyşana alyndy, emma pidalaryň köpüsi golaýdaky mekdepde okaýan studentler boldy diýip... Читать дальше...

Gazak sudy “Nastoýaşşeýe Wremýa” TW-siniň habarçysyny ýurtdan çykarýar

Azathabar.com 

Gazak sudy “Nastoýaşşeýe Wremýa” telewideniýesiniň habarçysynyň ýurtdan çykmagyny buýurdy we onuň Gazagystanyň immigrasiýa düzgünlerini bozandygyny aýdyp, bäş ýyllap bu ýere gelmeginigadagan etdi.  Gazagystanyň Nur-Soltan şäheriniň sudy 5-nji iýulda gyrgyz raýaty Žazgul Egemberdiýewanyň 10 gün içinde ýurtdan çykmagyny buýurdy. Gazak resmileri onuň immigrasiýa resmilerine Gazagystanda 30 günden artyk galýandygyny aýtmandygyny aýdýarlar.  “Nastoýaşşeýe Wremýanyň” ýolbaşçylary özleriniň bu buýrugyň... Читать дальше...

Gazagysrtanyň iri şäherlerinde onlarça protestçi tussag edildi

Azathabar.com 

Häkimiýetler Gazagystanyň iki uly şäherinde, protestçileriň täze saýlanan prezident Kasym-Žomart Tokaýewe garşy guran soňky çykyşlarynda onlarça adamy tussag etdiler. Paýtagt Nur-Soltandaky demonstrasiýaçylar 6-njy iýulda şäheriň köçelerinde ýöriş edip, raýat eşiklerini geýen we adamlary güýç bilen golaýda duran polisiýa awtobuslaryna tarap süýreýän polisiýa ofiserleri bilen gapma-garşy boldular.  Howpsuzlyk agentleri bolup görünýän erkekler AÝ/AR-nyň bu tussag etmeleri surata, wideo düşürmäge... Читать дальше...

Eýran uran baýlaşdyrmagyň derejesini ýokarlandyrýandygyny aýdýar

Azathabar.com 

Prezident Donald Tramp ABŞ-ny bir taraply ylalaşykdan çekip, sanksiýalary dikeldeninden bir ýyl soň, Eýran urany 2015-nji ýyldaky ýadro ylalaşygynda kesgitlenen derejesinden aňyrda hem baýlaşdyryp başlaýandygyny yglan etdi. Eýran hökümetiniň sözçüsi Ali Rabiei 7-nji iýulda Tähranda žurnalistlere “şu gün biz uran baýlaşdyrmakda rugsat edilen 3.67 prosent derejesinden aňryk geçeris” diýdi. Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary Abbas Arakçy žurnalistlere eger-de şertnama gol çeken galan ýurtlar ... Читать дальше...

Gürjüstanda rus deputatynyň sapary esasynda başlan protestler dowam edýär

Azathabar.com 

Demonstrasiýaçylar Gürjüstanyň paýtagty Tbilisiniň köçelerinde 6-njy iýulda, tapgyr 17-nji gün ýöriş etdiler. Bu demonstrasiýlar 20-nji iýunda, Orsýetiň Döwlet dumasynyň deputaty Sergeý Gawrilowyň prowaslaw ýurtlaryň kanun çykaryjylarynyň duşuşygy mahalynda Gürjüstanyň parlamentiniň spikeriniň ornuna geçip oturmagy bilen başlandy. Protestçiler polisiýanyň 20-nji iýuldaky başky protestler mahalynda aşa artyk güýç ulanandygy üçin içeri işler ministriniň işden çekilmegini talap edýärler. Gürjüstan gullugy


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса