Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июль
2019

Новости за 10.07.2019

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň kazarmalarynda esgerlere ýuwunmaga rugsat berilmeýär

Azathabar.com 

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň kazarmalarynda esgerler ýuwunmak mümkinçiliginden mahrum edilýärler. Bu barada habar berýän Azatlygyň çeşmesiniň sözlerine görä, bu ýagdaý ministrligiň Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän kazarmada ýüze çykypdyr. - Paýtagtda, şäheriň iň merkezinde Goranmak ministrligine degişli binada kazarma jaýy ýerleşýär. Onuň daşynda Goranmak instituty, akademiýasy we Goranmak ministrligi ýerleşýär. Bu, welaýatlardaky bir ýer hem däl. Bu goranmak edarasynyň binasynyň hut merkezinde bolýan ýagdaý. Читать дальше...

Täjigistanda zäherlenip ölendigi aýdylýan tussaglaryň garyndaşlary resmi düşündirişi sorag astyna alýarlar

Azathabar.com 

Täjigistanda zaýalanan çöregi iýip ölendigi aýdylýan 14 tussagyň hossarlary munuň bilen baglylykdaky köpçülige ýetirilen resmi düşündirişe şübheli garaýarlar. Olar heläk bolan hossarlarynyň bedenlerinde şikesleriň we gök yzlarynyň bardygyny belleýärler. “Onuň burny döwükdi. Onuň ýüzi tanar ýaly däldi” diýip, Saodat Solehowa Azatlyk Radiosyna 9-njy iýulda gürrüň berdi. Ol özüniň 34 ýaşly ogly Nekgadam Solehowyň bedeninde onuň gazaply ýenjilendigine güwä geçýän başga-da yzlaryň bardygyny sözüne goşdy. Читать дальше...

ABŞ gämi gatnawlarynyň goraglylygyny kepillendirjek harby koalisiýa ugrunda tagalla edýär

Azathabar.com 

ABŞ Eýranyň liderleri bilen dartgynlylyklaryň barha ýitileşýän döwri Eýranyň we Ýemeniň kenar ýakalaryndaky gämi gatnaw ýollarynyň goraglylygyny kepillendirmek üçin harby koalisiýany düzmek ugrunda tagalla edýär. “Biz Hormuz bogazyndaky we Bab al-Mandab [bogazyndaky] hereket azatlygyny kepillendirjek koalisiýany düzmek ugrunda ençeme döwletler bilen gepleşikleri alyp barýarys” diýip, ABŞ-ly general Jozef Dunford (Jozeph Dunford) goranmak sekretarynyň wezipesini ýerine ýetiriji Mark Esper we döwlet... Читать дальше...

Zelenskiý şu ýyl “gymmatbaha harby paradyň” geçirilmejekdigini aýtdy

Azathabar.com 

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý şu ýyl 24-nji awgustda bellenilýän Garaşsyzlyk güni mynasybetli “gymmatbaha” diýip häsiýetlendiren harby paradyň geçirilmejekdigini aýtdy. 9-njy iýulda özüniň Facebook hasabynda ýerleşdiren wideo-ýüzlenmesinde Zelenskiý parad üçin harçlanmaly 300 million griwnanyň, ýagny $11.7 million dollaryň harby gullukçylara beriljekdigini aýtdy. “Bu gaty dabaraly we, elbetde, arzan däl. Bu pullary gahrynamlarymyza bersek gowy bolar” diýip, Zelenskiý belledi. Ukraina... Читать дальше...

Sibirdäki suw joşmasynyň netijesinde ölenleriň sany 24-e ýetdi

Azathabar.com 

Rus resmileri Sibiriň Irkutsk sebitine gelen suw joşmasynyň netijesinde heläk bolanlaryň sanynyň 24-e ýetendigini mälim etdiler. Irkutskyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça edarasynyň 10-njy iýulda beren maglumatyna görä, hadysada 24 adamyň ölendigi tassyklanylypdyr. Mundan başga-da, dokuz adam dereksiz ýitdi diýlip hasaplanylýar. Resmiler 486 adamyň, şol sanda 116 çaganyň hem keselhanalarda bejergi alýandygyny aýtdylar. Mundan öň, suw joşmasynyň netijesinde 107-i şähere we oba zeperiň ýetendigi... Читать дальше...

“Talyban”, owgan wekiliýeti parahatçylygyň ýol kartasy boýunça ylalaşdylar

Azathabar.com 

“Talyban” we owgan jemgyýetiniň wekilleri Katardaky gepleşikleriň dowamynda syýasy çözgüt boýunça ýol kartasy babatynda ylalaşdylar. Bu Owganystandaky dowam edýän 18 ýyllyk urşy togtatmak ugrundaky möhüm ädim hökmünde häsiýetlendirildi. Emma, gepleşikleriň netijeleri boýunça paştu, dari we iňlis dillerinde çap edilen rezolýusiýalarda käbir möhüm gapma-garşylyklar bar. ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzadyň 9-njy iýulda “resmi bolmadyk terjime” diýlip atlandyrylan rezolýusiýasynda... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Шнайдер вышла в третий круг турнира WTA-1000 в Риме, победив Самсонову в российском дерби






Президент Гвинеи-Бисау и Раис РТ встретились со студентами КФУ

Мантуров уйдет с поста главы Минпромторга, но сохранит пост вице-премьера

В Твери начали продавать почтовую марку, посвященную инаугурации Путина

На выезде с Южной рокады на МСД идет строительство четырех путепроводов