Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июль
2019

Новости за 06.07.2019

Türkmenistanda ýene ösüş tassyklandy we resmilere käýinç yglan edildi

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti hökümet agzalarynyň alty aýdaky işleriniň netijelerini jemläp, resmilere käýinç paýlady, käbir ýolbaşçylary täzelemek baradaky kararlara gol çekdi. Wise-premýer Goçmyrat Myradow wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin berk käýinç alsa, wise-premýer Bahargül Abdyýewa wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmezliginiň üstesine, medeniýet ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň... Читать дальше...

Türkmenistanyň Halk maslahatynyň ikinji mejlisi hem Aşgabatda geçiriler

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidentiniň 5-nji iýuldaky kararyna laýyklykda, Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisi 25-nji sentýabrda Aşgabat şäherindäki Ruhyýet köşgünde geçiriler.  TDH Halk maslahatyna gatnaşjak adamlaryň “saýlawlarynyň geçirilmegini üpjün etmegiň” tabşyrylandygyny habar berýär. Türkmenistanyň Halk maslahaty ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýzowyň döreden guramasy bolup, ol öz ygtyýarlyklary boýunça parlamentden hem ýokarda goýuldy. Synçylar bu guramanyň ýurtdaky şahsyýet kultuny ösdürmek... Читать дальше...

Owgan metjidindäki partlama azyndan iki adamy öldürdi

Azathabar.com 

Owganystanyň Gazni şäherinde ýerleşýän şaýy metjidiniň içinde bolan bomba partlamasynda zyndan iki adam ölüp, ýigrimi adam ýaraly boldy diýip, resmiler 6-njy iýulda aýtdylar. Partlama 5-nji iýul güni giçlik, Gazniniň Khak-e-Ghariban diýen ýerinde, dindarlar Mohammadiýa metjidinde agşam namazyna gatnaşýan wagtynda boldy diýip, welaýat gubernatorynyň sözçüsi Arif Noor aýtdy. Gazniniň welaýat geňeşiniň başlygy Amanullah Kamranyň maglumatyna görä, partlama bolan wagtynda metjitde 70 töweregi adam toplanypdy. Читать дальше...

BMG-niň ýadro gözegçiligi agentligi Eýran boýunça ýörite duşuşyk geçirer

Azathabar.com 

BMG-niň ýadro gözegçiligi agentligi özüniň geljek hepde, Birleşen Ştatlaryň talaby esasynda, Eýranyň ýadro programmasy boýunça ýörite duşuşyk geçirjekdigini aýdýar. ABŞ Tähranyň ylalaşygyň käbir şertlerini bozandygyny öňe sürýär. Halkara Atom energiýasy agentligi öz gubernatorlar geňeşiniň 10-njy iýulda, öýlän sagat 2:30-da Wenada geçiriljekdigini aýtdy. Bu duşuşyk Birleşen Ştatlar bilen Eýranyň arasyndaky dartgynlyklaryň Tähranyň ýadro programmasy üstünde ýokarlanan wagtyna gabat gelýär. ABŞ-nyň... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса