Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2021

Новости за 01.02.2021

Rus prokurory Nawalnynyň şertli tussaglygyny türme tussaglygyna öwürmek boýunça edilen çagyryşy goldaýar

Azathabar.com 

Russiýanyň prokuratura edarasy 1-nji fewralda ýurduň türme häkimiýetleriniň Alekseý Nawalnynyň şertli tussaglygyny hakyky türme möhletine öwürmek baradaky eden haýyşyny goldaýandygyny aýtdy. Rus oppozisiýa syýasatçysy “ogurlyk” aýyplamalary boýunça çykarylan şertli hökümiň şertlerini bozmakda aýyplanyp, häzirki wagtda 30 gün möhlet bilen deslapky tussaglykda saklanýar. Ol özüne garşy gozgalan işiň galplaşdyrylandygyny aýdýar, ýöne bu iş bilen onuň 3,5 ýyl möhlete azatlykdan mahrum edilmegi mümkin. Читать дальше...

COVID-19: “Sputnik V” sanjymlary başlaýar, çäklendirmeleriň möhleti uzaldylýar

Azathabar.com 

Lebap welaýatynyň ençeme etrabynda koronawirusa garşy Russiýanyň “Sputnik V” waksinasyny sanjym edip başlamagyň möhletleri kesgitlendi. Geçen dynç günleriniň dowamynda Aşgabada rus waksinasynyň ýene bir tapgyry gelip gowuşdy. Şeýle-de, Türkmenabadyň Köpugurly hassahanasynyň COVID-19 näsaglary üçin niýetlenen karantin blogy ýapyldy. Türkmenistan dünýäde koronawirus hadysalaryny resmi taýdan hasaba almadyk az sanly ýurtlaryň biri bolup durýar. Şol bir wagtda, ýurtda girizilen çäklendirmeleriň möhleti uzaldylýar. Читать дальше...

Lukaşenka garşy protestler dowam edýärkä, Belarus polisiýasy 160-dan gowrak adamy tussag etdi

Azathabar.com 

Belarusyň polisiýasy 31-nji ýanwarda uzak wagtlap ýurdy dolandyrýan diýdimzor Alýaksandr Lukaşenkany işinden aýrylmaga çagyrýan protestçileriň demonstrasiýasy wagtynda 160-dan gowrak adamy tussag etdi. Wideoda polisiýanyň demonstrantlary ýollarda tutup, mikroawtobuslara salýandygyny görmek mümkin. Başga bir wideoda polisiýanyň howlularyň içinde barýan demonstrantlary kowalaýandygy görkezilýär. Tussag edilenleriň arasynda Şweýsariýaly žurnalist Luzia Tçirki saklandy. Ol Şweýsariýanyň ilçihanasynyň... Читать дальше...

Talyban Owganystanyň paýtagty Kabulda hüjüm etdi

Azathabar.com 

ABŞ-nyň synçy guramasynyň täze hasabatynda Kabulda "Talyban" hereketiniň hüjümleriniň artýandygy we hökümet işgärleriniň, aktiwistleriň we žurnalistleriň nyşana alynýandygy aýdylýar. Hasabat Baýden administrasiýasynyň ABŞ bilen "Talybanyň" arasynda geçen fewralda prezident Donald Trump döwründe gol çekilen parahatçylyk şertnamasyna täzeçe garamagy planlaşdyrýan pursadynda çap edildi.  Hasabatda ABŞ-nyň Owganystandaky güýçlerine salgylanyp, "Kabuldaky duşmançylyk hüjümleri öňki çärýek bilen deňeşdirilende has köpeldi" diýilýär. Читать дальше...

Mýanmada harby agdarylyşyk boldy

Azathabar.com 

Mýanmanyň harby güýçleri döwlet agdarylyşygy amala aşyryp, ýurduň de-fakto liderini Aung San Su Çini we dolandyryjy partiýanyň beýleki ýokary derejeli resmilerini irden geçirilen reýdlerde tussag etdi. Harbylaryň gözegçiligindäki "Myawaddy" teleýaýlymy, 1-nji fewralda saýlawlar baradaky dawa-jenjeliň arasynda “durnuklylygy” goramak üçin bir ýyllyk adatdan daşary ýagdaý yglan etdi. Okalan beýanatda täze ýerine ýetiriji prezidentiň wise-prezident bolan öňki general Myint Swe boljagy aýdylýar. ... Читать дальше...

Rus prokurory Nawalnynyň şertli tussaglygyny hakykysyna öwürmegi soraýar

Azathabar.com 

Orsýetiň prokuraturasy 1-nji fewralda ýurduň türme häkimiýetleriniň Alekseý Nawalnynyň şertli tussaglygyny hakyky türme möhletine öwürmek baradaky haýyşyny goldaýandygyny aýtdy. Rus oppozisiýa syýasatçysy ogurlyk aýyplamasy esasynda iş kesilip, şertli tussaglyk hakynda çykarylan hökümiň şertlerini bozmakda aýyplanyp, 30 gün tussaglykda saklanýar we 3,5 ýyl azatlykdan mahrum edilip bilinýär. Nawalny özüne garşy gozgalan işi galplaşdyrylan diýip hasap edýär. atlandyrýan hökümi Gözegçilik topary OVD-Info... Читать дальше...

"Biz 'gullukdaky agalygyň' pidasy bolduk". Ýüze çykan hadysadan soň, iki täjik kursanty Gazagystanyň Harby institutyndan çykaryldy

Azathabar.com 

Gazagystan Respublikasynyň Milli gwardiýasynyň Harby instituty kursantlaryň özara uruşmagy sebäpli dörän wakadan soň, täjigistanly iki kursanty okuwdan çykardy. Ol kursantlar Gazagystanda bile okaýan ýoldaşlarynyň arasynda gullukdaky agalygyň, ýagny “dedowşinanyň” pidasy bolandygyny aýdýarlar, ýöne institutyň administrasiýasy täjigistanly kursantlary bolan wakada günäkär hasaplap, olaryň şol sebäpden okuwdan çykarandygyny aýdýarlar. Olaryň okuwdan çykarylmagyna degişli buýrugyň nusgasy Azatlyk Radiosynda bar... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Потапова не смогла пробиться во второй круг турнира WTA в Страсбурге






До конца года в Москве проведут почти в 2 раза больше операций, чем в 2023 году

Минсельхоз распределил поставки сахара в страны ЕАЭС

В Очаково-Матвеевском построят бизнес-центр по городской программе

Новую платформу Атома показали в приложении