Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2021

Новости за 24.02.2021

Ankarada Türkmen-Türk we Azerbaýjan hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Azathabar.com 

Çawuşoglu prezident Berdimuhammedowyň çakylygy boýunça prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistana sapar etmek isleýändigini, sapar wagtynda Türkmen, Azeri we Türk tarapynyň Türkmenistanda ýokary derejeli duşuşygyny guramakçydyklaryny, bu barada Meredow bilenem maslahat edendigini aýtdy.

Lebaba we Mara sowuk howa aralaşdy, sebite gar ýagdy

Azathabar.com 

Türkmenistanyň gündogar sebitlerine ýene-de sowuk howa aralaşdy. 24-nji fewralda Mary welaýatyna gar ýagdy, Baýramalynyň käbir obalarynda elektrik kesildi. Lebapda howanyň sowuklygy gijelerine -16 gradusa çenli aşaklaýar, Darganata etrabynyň käbir obalarynda güýçli sowuk sebäpli gaz turbalary hatardan çykdy. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary habar berýärler.

Kanadanyň parlamenti Hytaýyň uýgurlara çemeleşmesini genosid diýip ykrar etdi

Azathabar.com 

Kanadanyň parlamentiniň aşaky palatasy Hytaýyň bu ýurtda ýaşaýan uýgurlara, gazaklara we beýleki türki dilli halklaryň wekillerine çemeleşmesini genosid, matlaply öldürmek hökmünde ykrar etdi. Deputatlar genosid bes edilmese, 2022-nji ýyla planlaşdyrylýan gyşky Olimpiýa oýunlaryny Pekinden yza çekmäge çagyrdylar. Bu dokumente ähli oppozisiýa partiýalarynyň wekillerini öz içine alýan 266 adam goldaw sesini berdi, garşy ses beren bolmady.  Şol bir wagtyň özünde premýer-ministr Jastin Trudo we... Читать дальше...

Garaşyp ýaşamak. Pandemiýa Türkmenistandan göçüp gidýänlere täsir etdi

Azathabar.com 

Türkmenistandan halkara howa gatnawynyň batyrylmagyndan soň ençeme adam   ýurtdan çykyp bilmän çykgynsyz ýagdaýa düşdi, şol sanda ýurtdan müdimilik göçüp gidýän maşgalalar. Koronawirus pandemiýasy döwründäki çäklendirmeler köp kynçylyklara we şahsy dramalara sebäp boldy. Azatlykyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda müňlerçe adam ýurtdan çykmak mümkinçiligine garaşýar, köpüsi gaty kyn ýagdaýda galýar. Bularyň arasynda goşa raýatlyga eýe bolan adamlar we Türkmenistanyň raýatlygyny... Читать дальше...

Prezident özbek etrabyny sylaglaýan mahaly, käbir özbek maşgalalar deňsizlikden şikaýat edýär

Azathabar.com 

Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň habar bermegine görä, Mary şäheriniň “Parahatlyk”, “Samarkant” we “Şamyradow” köçeleriniň ugrunda etniki özbek milletiniň wekilleri ýaşaýar. Olar dürli problemalara, şol sanda ýaşaýyş jaý üpjünçiligi bilen bagly kynçylyklara sezewar bolýar. Bu aralykda, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow golaýda özbekleriň kowçum bolup ýaşaýan etrabyny 1 million dollar möçberinde pul baýragy bilen sylaglady.

Meredow Erdogan bilen duşuşdy, kärdeşleri bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Azathabar.com 

Türkiýäniň paýtagty Ankarada Türkmenistan, Azerbaýjan we Türkiýe üçtaraplaýyn formatynyň çäklerinde daşary işler ministrleri Raşid Meredowyň, Jeýhun Baýramowyň hem-de Mewlüt Çawuşoglunyň duşuşygy geçirildi diýip, Türkmen DIM-i 23-nji fewralda habar berdi. Diplomatlar ýangyç-energetika, söwda-ykdysady we ulag-logistika ulgamlarynda, şeýle-de ýokary tehnologiýalar ugrunda köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ýaýbaňlandyrylmagy; öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi, şol sanda Lapis-Lazuli ulag geçelgesiniň... Читать дальше...

Türkmenistan Kazandan ýene iki dikuçar we 463 kamaz alar

Azathabar.com 

Şu ýyl Türkmenistan Kazanyň dikuçar zawodynyň iki dikuçaryny – “Ми-17-1В” harby transporty we “Ansat” lukmançylyk dikuçaryny,  şeýle-de 463 sany “Kamaz” awtoulagyny satyn almagy planlaşdyrýar diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” resmi maglumatlara salgylanyp habar berýär. Türkmenistanyň Kazandaky baş konsullygynyň Tatarystanyň Senagat we söwda ministri Albert Karimowa salgylanyp beren maglumatynda Türkmenistanyň Tatarystanyň esasy hyzmatdaşlarynyň biridigi nygtalýar. Albert Karimowyň ministrligiň... Читать дальше...

Pakistan goşuny dört aýalyň öldürilmegi bilen baglanyşykly söweşijini öldürdi

Azathabar.com 

Pakistanyň howpsuzlyk güýçleri ýurduň demirgazyk-günbatarynda kömek işinde işleýän dört aýalyň öldürilmegine dahylly diýip güman edilýän “Talyban” komandirini öldürdi diýip, ýurduň goşuny 24-nji fewralda aýtdy. Söweşiji serkerdesi, Sajna diýip hem tanalýan Hasan Han 23-nji fewralda, owgan serhediniň demirgazygyndaky Waziristan etrabynyň Mir Ali obasyna geçirilen reýd wagtynda esgerler bilen turan atyşykda öldürildi diýip, goşun beýannamasynda aýdylýar. Kömek işlerinde işleýän dört aýala 22-nji fewralda... Читать дальше...

AI, geçmişdäki 'ýigrenç sözleri' üçin, Nawalnynyň 'wyždan ýesiri' durumyny ýatyrýar

Azathabar.com 

“Amnesty International” guramasy rus oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalny babatda biraz öňki kesgitlemesinden, ony "wyždan ýesiri" diýip atlandyrmakdan yza çekilendigini tassyk etdi. Hukuk goraýjy gurama bu karara onuň zorlugy we diskriminasiýany öňe sürýän, ýigrenç sözlerini öz içine alýan çykyşlary sebäpli gelendigini belläp, muňa garamazdan, onuň tussaglykdan boşadylmagy üçin göreşmegi dowam etdirjekdigini aýtdy.  "Amnesty International" Alekseý Nawalnyny ozal bir zaman aýdan sözleri bilen... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Арина Соболенко

Арина Соболенко сняла траур по Кольцову и завела новые романтические отношения






Более 550 отмосток МКД отремонтировали УК Подмосковья с начала года

Минобороны РФ уточнит линию госграницы в Калининградской области

Воробьев рассказал об уникальности аграрного хозяйства «Кузьминский»

Казанскую икону Божией Матери встретили нижегородские православные