Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2021

Новости за 19.02.2021

Marynyň döwlet dükanlarynyň etrap ýolbaşçylary we welaýat başlygy Aşgabada çagyryldy

Azathabar.com 

Marynyň döwlet dükanlarynda geçirilmegi meýilleşdirilen barlaglar baradaky habarlaryň yz ýany, golaýda Türkmengala, Ýolöten, Mary we Baýramaly etraplarynyň döwlet dükanlarynyň etrap ýolbaşçylary Aşgabada çagyryldy. Olaryň Aşgabada çagyrylmagynyň aňyrsyndaky mümkin bolan sebäpler aýdylmaýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy maglumat berdi.

Belarusly lukman we žurnalist protestçiniň ölümini paş etmekde günälenýär

Azathabar.com 

Belarusda bir lukman we žurnalist awtoritar hökümdar Alýaksandr Lukaşenka garşy geçirilen demonstrasiýalarda protestçilere garşy görkezilen basyş wagtynda bir protestçiniň öldürilmegi barada maglumatlary aýan edendigi üçin günäkärlenýär. Minskiň Moskwa etrap sudy 19-njy fewralda Artsýom Sarokin bilen Katsaryna Barysewiçiň işine ýapyk gapylaryň aňyrsynda seredip başlady we bu kararyny işde "şahsy lukmançylyk maglumatlarynyň" ulanylýandygy bilen düşündirdi. Suduň gidişini halk köpçüliginden ýaşyrmak... Читать дальше...

Garaşsyz žurnalist S.Açylowa Berdimuhamedowa ýüzlendi

Azathabar.com 

Türkmenistanly garaşsyz žurnalist, adam hukuklary boýunça halkara Martin Ennals baýragynyň 2021-nji ýyldaky finalçysy Soltan Açylowa Türkmenistanyň prezidentine wideo arkaly ýüzlenip, raýatlaryň ýüzbe-ýüz bolýan meseleleri we kynçylyklary barada çykyş etdi. 70 ýaşly žurnalist Açylowanyň wideo-ýüzlenmesi 18-nji fewralda “Türkmenistany Hronikasy” neşiriniň YouTube saýtynda çap boldy.   Soltan Açylowa wideo ýüzlenmesinde, hususan-da, 2012-nji ýylda jaýlary ýumrulan raýatlara öwezine berlen Aşgabadyň... Читать дальше...

Amerikanyň Marsa iberen “Perseverance” gämisi baryp gondy

Azathabar.com 

Amerikanyň Marsa iberen “Perseverance” (Erjellik) maşyny Marsa üstünlikli gonduryldy.  Amerikanyň Aerokosmos gullugynyň (NASA) web sahypasynda göni ýaýlym guraldy. Mars maşyny planetada gadymy ýaşaýyş görnüşleriniň alamatlaryny tapmaga we soňra ýere getiriljek toprak nusgalaryny ýygnamaga synanyşar. Gonuş paraşýut ulanmak bilen, takmynan ýedi minut dowam etdi. Gondurylandan gysga wagt soň bu senet ilkinji suratlary aldy. “Perseverance” Marsa geçen iýul ugradyldy. Bu enjam “Mars 2020” missiýasynyň... Читать дальше...

Nawalny türmeden gaçmaga meýilli diýip hasaba alyndy

Azathabar.com 

Oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnynyň saklanylýan deslapky tussaghanasynyň Öňüni alyş topary ony “gaçmaga meýilli” diýen bellige aldy. Syýasatçy muny özüniň Instagram sahypasynda yglan etdi. Nawalny özüne garşy görlen çäräni Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň Gelenjikdäki köşgünde geçirilen derňew sebäpli basyş hasaplaýandygyny aýtdy. Oppozisioner komissiýanyň karary bilen tanşandygyny görkezýän kagyzlara gol çekmeginiň soralandygyny hem sözüne goşdy. Nawalny öz ýazgysynda "Meni ozal diňe bir ulag kerweninde däl-de... Читать дальше...

Baýden garyp ýurtlara COVID-e garşy göreş üçin 4 milliard dollar wada berdi

Azathabar.com 

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden 19-njy fewralda,  beýleki baý ýurtlary koronawirusa garşy umumy göreşe öz goşantlaryny goşmaga höweslendirmek üçin, garyp ýurtlardaky sanjym işlerine kömek üçin 4 milliard dollar  berjekdigini aýtdy. Ak tamyň habaryna görä, Baýden bu ädimi senagat taýdan ösen ýurtlary öz içine alýan Uly ýediligiň (G7) wirtual sammitinde yglan etmekçi. Prezident administrasiýasynyň ýokary derejeli resmisiniň sözlerine görä, Amerikanyň Birleşen Ştatlary koronawirus sanjymlarynyň bütin... Читать дальше...

ABŞ 43 belarusla 'demokratiýa zyýany' üçin wiza çäklendirmelerini girizdi

Azathabar.com 

Amerikanyň Birleşen Ştatlary 43 sany belarusla, şol sanda birnäçe ýokary derejeli resmä garşy, ýurduň demokratiýasyna "ýetiren zyýany üçin”, wiza çäklendirmelerini girizendigini aýdýar. Döwlet sekretary Antoni Blinken 18-nji fewralda eden çykyşynda Waşingtonyň awtoritar lider Aleksandr Lukaşenkanyň  dolandyrýan hökümetiniň "parahatçylykly demonstrantlara, demokratiýa aktiwistlerine we žurnalistlere garşy dowam edýän zorlukly basyşlaryndan" alada galýandygyny aýtdy. “16-njy fewralda “Wýasna” [Bahar] adam hukuklary guramasyna... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Юлия Путинцева

Путинцева вернулась после 0:6 и одержала важную победу






Канада ввела санкции против России

Уголовное дело после стрельбы на юге Москвы возбудил Следственный комитет

Около 270 компаний Подмосковья вовлекли в проект «Производительность труда»

Экс-глава МИД Испании: Побеждённая Россия может использовать ядерную бомбу