Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2021

Новости за 25.02.2021

"Türkmenhowaýollary" halkara uçar gatnawlarynyň ýatyrylmagyny martyň ahyryna çenli uzaltdy

Azathabar.com 

“Türkmenhowaýollary” kompaniýasynyň Russiýadaky wekilhanasy koronawirus pandemiýasy sebäpli ähli halkara uçar gatnawlarynyň togtadylmagynyň 31-nji marta çenli uzaldylýandygyny habar berýär. Mundan ozal, kompaniýanyň halkara gatnawlary 28-nji fewrala çenli ýatyryldy. Soňky bildiriş bilen howa ýollary kompaniýasy eýýäm bir ýyl töweregi wagt bäri pandemiýa sebäpli halkara uçuşlary amala aşyrmaýar. Milli daşaýjynyň Russiýadaky wekilhanasynyň web-saýty satyn alnan biletletiň 2021-nji ýylyň 31-nji... Читать дальше...

KHŞG: Türkmenistan we Täjigistan serhetleriniň owgan ýakasynda 15 müň töweregi “Talyban” söweşijisi bar

Azathabar.com 

Kollektiw Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň ştab ýolbaşçysy Andreý Sidorow 25-nji fewralda Moskwada geçiren metbugat ýygnagynda Täjigistanyň we Türkmenistanyň serhetleriniň owgan ýakasynda ýerleşýän “Talyban” söweşijileriniň sanynyň 15 müň adam töweregindedigini aýtdy. Onuň maglumatlaryna görä, toparyň jemi söweşijileriniň sany 70 müň adama golaýlaýar. Ýokary derejeli rus howpsuzlyk resmileri soňky ýyllarda birnäçe gezek Täjigistan bilen Türkmenistanyň owgan serhet ýakalaryndaky howpsuzlyk şertleri boýunça beýanat bilen çykyş etdiler. Читать дальше...

Protestleriň dowamynda bir harby tarapyndan atylyp öldürilen belarusly polisiýa boýun egmezlikde günäli tapyldy

Azathabar.com 

Kazyýet geçen ýyl protest ýörişlerinde bir goşun serkerdesi tarapyndan atylyp öldürilen belaruslyny kanun goraýjy edaralara boýun egmezlikde günäli tapdy. Bu boýunça Brestiň sebit kazyýeti Swýatlana Kramýaneuskaýa 25-nji fewralda karar çykardy, ýöne günäli tapylan Henand Şutauwyň ölendigi sebäpli, ol barada höküm çykarmajakdygyny sözüne goşdy. Kazy şol bir iş boýunça aýyplanýan Alaýksandr Kardzyuokowy kanun goraýjy edaralara garşy çykmakda hem-de bir kanun goraýjy işgäriň janyna kast etmäge synanyşmakda... Читать дальше...

Ermeni premýer-ministri agdarylyşyga synanyşyk edilýändigini aýdyp, köçelere çykdy

Azathabar.com 

Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşiniýan harbylaryň onuň häkimiýetden çekilmek baradaky eden çagyryşyny “harby agdarylyşyk synanyşygy” diýip atlandyryp, özüniň ýüzlerçe tarapdary bilen paýtagt Ýerewanyň köçelerine çykdy. Bu soňky özgerişler Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky Daglyk-Garabag sebiti boýunça dowam eden alty hepdelik urşuň togtadylmagynyň yzýany, bu Kawkaz döwletinde we regionyň beýleki ýurtlarynda durnuksyzlygyň döremek howpuny artdyrdy. Ozalky sowet respublikasynyň ýarany... Читать дальше...

Hukuk toparlary türkmen oppozisiýasynyň ýaş pälwanyň ölümi bilen bagly daşardaky işjeňligi barada beýanat ýaýratdy

Azathabar.com 

Adam hukuklary boýunça “Memorial” merkezi, şeýle-de Adam hukuklary boýunça Türkmenistanyň Helsinki fondy bilelikde beýanat ýaýradyp, ýaş türkmen pälwany Süleýman Tursunbaýewiň gümürtik ýagdaýlarda aradan çykmagy bilen bagly daşary ýurtlarda geçirilmegi göz öňünde tutulan protest çärelerine syn berdi.

Gazak ýazyjylary prezidentden dissident şahyr Atabegiň boşadylmagyny talap edýär

Azathabar.com 

Gazagystanyň tanymal ýazyjy-şahyrlary prezident Kasym-Žomart Tokaýewi 2007-nji ýyldan bäri gözenegiň aňyrsynda saklanýan we saglyk ýagdaýy ýaramazlaşýandygy aýdylýan dissident şahyr Aron Atabegi boşatmaga çagyrdy. Ýazyjy-şahyrlaryň prezidente ýollan haty 24-nji fewralda Abai.kz web-saýtynda çap edildi. Olar bir polisiýa işgäriniň ölümi bilen netijelenen protestleriň guramaçylygna ýardam bermekde günäkärlenip, 18 ýyl möhlete türme tussaglygyna höküm edilen 68 ýaşly şahyryň artritden, süýji keselinden... Читать дальше...

Facebook agdarylyşyga salgylanyp, Birmanyň harby hasaplaryny gadagançylyga aldy

Azathabar.com 

Facebook harby häkimiýetiň agdarylyşyga garşy çykan protestçilere garşy gandöküşikli güýç ulanandygyny aýdyp, Birma goşuny bilen ilteşikli galan hasaplaryň ählisini gadagançylyga aldy. Goşun 1-nji fewralda häkimiýeti ele geçireli bäri Birma başagaýlygy başdan geçirýär. Harbylar noýabr saýlawlarynda galplyk öňe sürüp, raýat hökümetiň ýolbaşçysy Aung San Su Çini hem-de partiýa ýolbaşçylarynyň aglabasyny tussag etdi. Sosial media läheňiniň dessine güýje girýän karary harbylara we olaryň garamagyndaky edaralara degişlidir. Читать дальше...

Ermeni premýer-ministri agdarylyşyga synanyşyk edilýändigini aýdýar, harbylar onuň işden çekilmegini talap edýär

Azathabar.com 

Ermenistanyň Ýaragly güýçleri premýer-ministr Nikol Paşiniýany hem-de onuň hökümetini işden çekilmäge çagyrdy. Bu çagyryş premýer-ministri harby agdarylyşyga synanyşyk edilýändigini öňe sürmäge iterdi. Ermenistantanyň Ýaragly güýçleriniň Baş ştabynyň Maglumat bölüminiň başlygy Samwel Asatrýan 25-nji fewralda beren beýanatynda bu çagyryşyň Ýaragly güýçleriň Baş ştabynyň başlygynyň birinji orunbasarynyň “ýöntem sebäpler üçin” işden boşadylmagyna “aýgytly protest” hökmünde kabul edilendigini aýtdy. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Рахимова прошла во второй круг турнира WTA в Рабате на отказе Таунсенд






Массовая драка со стрельбой в Москве попала на видео

Бонгонда: стадион и база «Спартака» — мои любимые места в Москве

Более 6 тыс жителей Московского региона приобрели техсредства реабилитации

Baijiahao: Путин «ударил» по Германии и Италии в ответ на санкции