Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июль
2019

Türkmen pälwanlary Madridde iki medala mynasyp boldular

0
Türkmen pälwanlary Madridde geçirilen erkin göreş boýunça “Ispaniýanyň Gran-pri” halkara ýaryşynda bir altyn we bir bürünç medallary almagy başardylar.


5-8-nji iýul aralygynda geçirilen ýaryşa dünýäniň 47 ýurdundan türgenler, şol sanda Türkmenistandan hem üç sportsmen gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.


Balkanabat şäheriniň sport mekdebiniň tälimçisi Batyr Borjakow 70 kilogram derejesinde bäsdeşlerinden üstün çykyp, altyn medaly eýeledi.


Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 5-nji ýyl talyby Döwletmyrat Orazgylyjow 86 kilogram agram derejesinde çykyş edip, kümüş medala mynasyp boldy.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса