Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июль
2019

“Talyban” jeňçileri Owganystanda bir myhmanhana hüjüm edip, azyndan üç polisiýa ofiserini öldürdi

0
“Talyban” jeňçileri demirgazyk-günbatar Owganystanda bir myhmanhana hüjüm edip, azyndan üç polisiýa ofiserini öldürdiler.


Içeri işler ministrliginiň sözçüsi Nusrat Rahimi üç sany janyndan geçen bombaçynyň 13-nji iýulda ýerli wagt bilen 12:30 töwereginde Badhyz welaýatynyň paýtagtyndaky Kal-e Naw myhmanhanasyna zabt edip girendigini aýtdy.


Ol hüjümçileriň myhmanlary oka tutandygyny gürrüň berdi. Rahiminiň sözlerine görä, iki hüjümçi howpsuzlyk güýçleri bilen çaknyşykda öldürildi. 


Şaýatlar atyşygyň dowam edýändigini,bu töweregiň daşynyň polisiýa güýçleri tarapyndan gabalyp alnandygyny gürrüň berdiler.


“Talybanyň” sözçüsi Mohammad Yusef Ahmadi bu hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy we janyndan geçen bombaçylaryň myhmanhananyň içine girmegi başarandygyny aýtdy.

 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса