Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Июль
2019

Bangladeşiň ozalky harby diktatory 91 ýaşynda aradan çykdy

0
Bangladeşiň ozalky harby diktatory, 1982-nji ýylda döwlet agdarylyşygy esasynda häkimiýeti eýelän Hussain Muhammad Erşad hassahanada, 91 ýaşynda aradan çykdy.


Ozalky prezident dürli garrylyk kesellerinden ejir çekýärdi we iýunyň aýagynda hassahana ýerleşdirildi. 


Ozalky goşun başlygy we prezident ýurda dokuz ýyl, 1982-nji ýyldan 1990-njy ýyla çenli ýolbaşçylyk etdi.


1990-njy ýylda köpçülikleýin halk protestleri netijesinde prezidentlikden çetleşdirilip, türmä basylan hem bolsa, Erşad Bangladeşiň gowgaly syýasy sahnasynda soňuna çenli aktiw galmagy başardy.


Ol häzirki parlamentde oppozisiýanyň lideri boldy. 

 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса